Ï Türkmenistanyň simfonik orkestri «Щелкунчик» tomaşasyna çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň simfonik orkestri «Şelkunçik» tomaşasyna çagyrýar

view-icon 7242
Türkmenistanyň simfonik orkestri «Şelkunçik» tomaşasyna çagyrýar

«Şelkunçik» atly erteki-powest, adyllyk bilen, ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy görýän täze ýyl hekaýaty hasaplanýar. Nemes ýazyjysy Gofmanyň ony iki ýüz ýyldan gowrak öň ýazandygyna garamazdan, häzirem ertekiniň gahrymanlaryna bütin dünýäde bolan gyzyklanma peselmeýär.

Köp ýurtda Täze ýyl baýramçylygynyň bosagasynda «Şelkunçik» tomaşa etmek gowy däbe öwrüldi. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny janly konsert bilen begendirmek kararyna geldi we Täze ýyl baýramçylygynda bütinleý rowaýaty ertekä bagyşlanan ýörite aýdym-saz programmasyny taýýarlady.

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda birnäçe baýramçylyk konserti geçiriler, olarda Pýotr Çaýkowskiniň ýörite «Şelkunçik» baleti üçin ýazan sazy ýerine ýetiriler.

Simfoniki orkestriň sazandarlyk etmeginde 1993-nji ýylda surata düşürilen «Şelkunçik» film-baleti uly ekranda görkeziler. Adybir ertekiniň ýordumy boýunça goýlan oýnuň ekranlaşdyrylmagyna Amerikanyň Nýu-York şäher baletiniň artistleri gatnaşdy we oýunda baş keşbi «Один дома» komediýasynda Kewiniň keşbi bilen tanalýan Makoleý Kalkin ýerine ýetirdi.

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri nusgawy saz muşdaklarynyň hemmesini baýramçylyk konsertlerine çagyrýar. Fantaziýanyň jadyly dünýäsine girip, ýetip gelýän Täze ýylyň ruhuny 24-nji, 25-nji we 26-njy dekabrda duýup bilersiňiz.

Bilet satyn almak üçin telefon belgiler: 22-38-98; 863-46-71-77; 51-41-57.

Üns beriň! Orunlaryň sany çäklidir.