Ï Konserwatoriýa Täze ýyla garaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Konserwatoriýa Täze ýyla garaşýar

view-icon 6372
Konserwatoriýa Täze ýyla garaşýar

Täze ýyl çagalaryň we ulularyň iň gowy görýän baýramy. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň sazandalary konserwatoriýada Täze ýyl baýramçylyk konsertini guradylar.

Konserti birinji ýyl talyplary açdylar. Ogulaý Pirjanowa Wilgelm Poppuň «Wenger tansy» sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Baýramgül Ahmedowanyň ýerine ýetiren Gabriel Foräniň «Fantaziýasynyň» ýakymy-da ondan pes bolmady. Sergeý Rahmaninowyň italýan polkasyny çalan Merjen Gulmuhammedowa şadyýan, şowhunly we joşgunly çykyş etdi.

Grigoraş Dinikunyň «Hor staccato» atly pýesasy uly mugallym Maksat Annamyradowyň goboýda ýerine ýetirmeginde syrlylyk elementleri bilen gaty ýerlikli ýaňlandy. Ilkinji üç täsirli owaz tomaşaçylar tarapyndan tutuş spektakl üçin badalga hökmünde kabul edildi. Ikili stakkatonyň ştrihiniň we köp sanly sazlaşykly owazlaryň ulanylmagy tomaşaçylarda uçup barýan ýaly täsir döretdi, şol bir wagtda-da duýdansyz togtamalar we baý fortepiano akkordlary tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýärdi. Goboý we pianino çalýanyň arasynda bäsleşik gidýän ýaly duýgy döreýärdi. Fortepiano partiýalaryny konsertmeýsterler Natella Bagyrowa, Ýewgeniý Selýutin, Jemal Artykowa we Amangül Bazarowa ýerine ýetirdiler.

Elbetde, islendik konserti ansambllar bezeýärler. Jonsonyň «Kristmas sýuitasy» Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetçary Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky kwintetiň: Gülälek Geldimyradowanyň (fleýta), Kuwwat Orazowyň (goboý), Aýmämmet Huseýnowyň (klarnet), Astan Batyrowyň (waltorna), Begenç Saryýewiň (fagot) ýerine ýetirmeginde ajaýyp we şirin ýaňlandy.

Tomaşaçylarda mugallym Sapar Saparowyň çykyşy aýratyn täsir galdyrdy. Karl Mariýa fon Weberiň «Rondo» eseriniň ýumşak, mylaýym owazy tomaşaçylary bir pursat-da biperwaý goýmady.

Dmitriý Şestakowiçiň «Walsyny» Täze ýyl eseri diýip atlandyrmak kyn, ýöne bu sazdaky aşa nepislik, heýjana salýan mukam ajaýyp duýgyny döredýär. «Walsyň» birbada bäş tüýdükçi: Begenç Babamyradow, Myrat Annamyradow, Öwezmyrat Japarow, Begenç Saryýew, Rahat Çaryýew tarapyndan ýerine ýetirilendigi bellärliklidir. Fortepiano partiýasyny Natella Bagyrowa ýerine ýetirdi. Tüýdükleriň ýumşak mahmal owazy we fortepianonyň ýokarky registrden çykýan notalary aýdym-saz söýüjileriň arasynda ýakymly duýgulary döretdi.

Dmitriý Şestakowiçiň bu eseri daşary ýurtlarda iň halanýan eserdir. Daşary ýurtlular oňa «Rus walsy» diýýärler. Adatça, bu eser ýaňlanyp başlan badyna, diňleýjiler begenjini bildirip, saza erkini berip başlaýarlar.

Mis saz gurallary toparynyň – Babaguly Goşaýewiň, Begenç Ýunusowyň, Alyşir Ýakubowyň Riçard Rojersiň eserini ýerine ýetiren çykyşyny konsertiň feýerwerki hasaplamak bolar. Olaryň ýerine ýetiren «Sirtaki» grek tans sazyny diňleýjiler başdan-aýak çapak çalyp diňlediler.

Türkmen kompozitorlary Röwşen Nepesowyň «Konserti», Daňatar Hydyrowyň «Arkadagyň ýurduna hos gelipsiň, Taze yyl!» eserleri-de baýramçylyk sazy bolup ýaňlandy.

Irina Sobolewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.