Ï Täze pomidor hasyly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze pomidor hasyly

view-icon 7810
Täze pomidor hasyly

Mähriban Diýarymyzyň ähli sebitlerinde ýer eýeleriniň, kärendeçi daýhanlaryň, mülkdarlaryň, telekeçileriň ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almaklary üçin ähli döwrebap şertler döredilen. Munuň özi, döwletimiziň oba hojalyk toplumyny, telekeçilik düzümlerini ösüşiň täze belentliklerine çykarýar.

Oňa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalarynyň biri Halmämmet Amanmämmedowyň alyp barýan önümçilik işleri hem doly güwä geçýär. Welaýat merkezi Balkanabat şäherinde, Uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän bu ýyladyşhananyň işi ösen we kämil tehnologiýalara daýanýar.

Tejribeli telekeçiniň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşarky bazarlarda hem islegli, geçginli önümlerdir. Çünki, ýetişdirilýän pomidor hasyly ýokary hil derejesi, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şu ýylyň geçen tomus möwsüminiň ahyrynda oturdylan pomidor şitillerinde ýene-de bereketli täze hasyl ýetişdi. Ýakyn günlerde olaryň täze tapgyry köpçülikleýin ýyglyp, ýetip gelen Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda sarp edijilere ýetiriler.

Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, pomidor düýpleriniň her birinden ýediden on bir kilograma çenli hasyl alyp bolýar. Şeýlelikde, möwsümiň tutuş dowamynda ýygnalyp, alyjylara ýetiriljek pomidor hasylynyň möçberi ep—esli artar. Ýetişdirilýän bitginli hasyl hem diňe bir ýerli söwda nokatlaryna däl, eýsem daşarky bazarlara-da yzygiderli ugradylar.

Ussat telekeçiniň ýyladyşhanasyndan başga-da birnäçe gektar meýdany bar. Olarda ýetişdiren müňlerçe düýp miweli baglaryndan telekeçi dürli miweleriň bol hasylyny ýygnap, bereketli saçaklarymyzyň ter gök önümlerden hemişe dolup durmagyna mynasyp goşandyny goşýar.