Medine Baýramdurdyýewa 5 ýaşynda sirk sahnasyna çykdy. Näzik bedenli gyzjagaz tomaşaçylarda ýürekgopduryjy duýgulary oýarýardy. Ýaşajyk artist özüne ynanylan çykyşlaryň hötdesinden ezberlik bilen gelýärdi we ýeten derejesi bilen kanagatlanman, repertuaryny giňeldýärdi. Ol aýdym aýdýardy, tans edýärdi, halkada dürli oýun sahnalaryny görkezýärdi, çykyşlaryna eldeki geçidir kepderileri goşup, üstesine-de häzir ezber çapyksuwar.
Medine — «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň başlygy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Halk seýisi Pygy Baýramdurdyýewiň gyzy. Kakasy gyzjagazy ilkinji gezek iş ýerine getirende, ol, sözüň doly manysynda sirk sungatyna aşyk bolupdy we kakasy sirkde näme iş bilen meşgullanmak isleýändigini soranda, Medine: «Hemme zat!» diýip, çürt-kesik jogap beripdi.
Sirk artistleriniň çagalarynyň ene-atalarynyň hünärini dowam etmekleri kadadan çykma däl, gaýta kadanyň hut özüdir. Başlangyç artsitlere garanyňda, Medinäniň bu hünäri özleşdirmekde has köp artykmaçlygynyň bardygy şübhesizdir — kakasynyň göreldesi, goldawy, maslahaty, gyzynyň hemme zatda onuň meňzemek islegi. Emma gepiň başga bir tarapy-da bar — irginsiz işlemek. Kakasynyň hünär ussatlygyny ösdürmek üçin öz öňünde goýýan belent maksatlarynyň hötdesinden ol aňsatlyk bilen gelýär.
Medine sahna, tor nagyşly ak köýnek geýip çykýar — eli jadyly hrustal taýajykly kiçijek şazada! Ol özüni ýokaryk galdyrjak halkada jadylaýjy hereket bilen oturýar. Sirkiň gümmeziniň astyndan oňa tarap ap-ak kepderiler uçup gelýär. Olar onuň üstünde pelpelläp aýlanýarlar, jadyly taýajygyň üstüne gonup, sirk oýunlaryna gatnaşýarlar. Düzgün bolşy ýaly, Medine bu liriki çykyş bilen sirk programmasyny açýar.
Çagalar çalt, başgalaryň çagalary hasam çalt ulalýarlar. Medinäni dyrnak ýalylykdan tanaýarys, bu gün bolsa ol Aşgabadyň 42-nji ýöriteleşdirilen aýdym-saz mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy. Ol nähili? Sirkden daşary aýdym-saz bilenem meşgullanýarmy?! Eýse, bu gyz bu zatlaryň ählisine wagty nireden tapýar?
Medinäniň synp ýolbaşçysy Aýgül Garryýewa okuwçysy hakda öwgüli sözleri aýdýar:
— Birinjiden, ol — tutuş bäşlikçi. Ikinjiden, sirkde ýyldyz bolandygyna garamazdan, gyzymyz ulumsylygyň nämedigini bilmeýär. Sada, sypaýy, synpdaşlary bilen mähirli dostluk gatnaşyklaryny saklaýar. Biziň mekdebimiz — aýdym-saz mekdebi.
Medine Baýramdurdyýewany dutar dersi boýunça mugallym Muhammet Bekmürzäýew okadýar. Ol okuwçysy baradaky täsirlerini siz bilen paýlaşmakdan hoşal bolar.
– Medine ýaly okuwçy islendik mugallymyň buýsanjydyr – diýip, ol söze başlaýar. – Men 2-nji synpdan bäri onuň mugallymy. 2019-njy ýylda Gulbaba baýragynyň eýesi boldy. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Medine dutarda bir kompozisiýany ýerine ýetirdi, goşgy okady, özem iňlis dilindedi, aýdym aýtdy we tans etdi. Emin agzalary ony iň gowy ýerine ýetiriji diýip, ykrar etdiler. Baýrak gowşurylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Medinäniň durmuşyndaky taryhy pursat, Prezidentiň oňa ýeňijiniň diplomyny gowşuran pursady fotosuratda öz beýanyny tapdy, bu surat mekdep müdirimiziň iş otagyny bezeýär. Diýmek, Medine diňe bir Türkmen döwlet sirkiniň däl, eýsem biziň mekdebimiziň hem ýyldyzydyr. Ýadymda, bir gün ol meniň ýanyma gözi ýaşly ylgap geldi — ony gyssagly sirkde çykyş etmäge çagyrypdyrlar.
– Aglama, sapagy başga bir wagta geçiräýeris – diýip, men ony köşeşdirdim.
* * *
Çapyksuwarlara mahsus kaşaň lybasly Medine Baýramdurdyýewa ellerini giňden gerip, owadan ahalteke atyny çapýar. Ol ýeliň tizligi bilen täze üstünliklere, ýeňişlere tarap çapyp barýar. Bizem oňa çaga görä kynam bolsa, gyzykly ykbalynda bagt arzuw edýäris.