2021-nji ýylda döwlete pagta tabşyrmaklygyň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý eden Lebap welaýatynyň obasenagat toplumynyň işgärleri ýurdumyza rysgal – bereket bolup gadam basýan Täze 2022-nji ýylda hem «Ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Welaýatda geljek ýyl 130 müň gektar ýere gowaça ekip, ondan 310 müň tonna pagta hasylyny almaklyk, ýagny, gowaçanyň her gektaryndan alynýan hasyllylygyny 24,4 sentnere ýetirmeklik göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda welaýatyň ähli etraplarynda gowaça çöpünden arassalanan ýerlerde şüdügär sürümi gyzgalaňly dowam edilýär. Bu möhüm işde welaýat boýunça kuwwatly tehnikalaryň 200-e golaýy bökdençsiz işledilip, her günde 2 müň 280 gektardan gowrak ýerde ýokary hilli sürüm geçirilýär.
Welaýat boýunça geljekki ýaz ekişine tehnikalary taýýarlamak işleri hem guramaçylykly alnyp barylýar. Sebtiň etraplarynda hereket edýän tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda gowaça tohumyny takyk ekiji tehnikalaryň onlarçasy, gowaçalaryň hatarara bejergi işlerini geçirmeklik üçin tehnikalaryň 1094-isi, mineral dökün berijileriň hem 366-sy doly abatlanyp möwsüme taýýar edildi. Bulardan başga-da etraplaryň daýhan birleşiklerinde bar bolan ekijiler doly abatlanyp, möwsüme taýýarlyk ýagdaýynda goýuldy. Ýeri gelende gowaça ekişi möwsüminde işlediljek tehnikalar, ekijiler we tirkeg gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem taýýar edilendigini belläp geçmek möhümdir. Bu bolsa hasylyň ykbalyny kesgitleýän jogapkärli möwsümde işleri bökdençsiz alyp gitmäge mümkinçilik berer.
Welaýatda ýaz ekişinde işlediljek tehnikalaryň, ekiji gurallaryň we tirkegleriň möwsüme taýýar edilmegi, gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýokary hil derejesinde guramaçylykly dowam etdirilmegi sebtiň babadaýhanlarynyň geljek ýyl hem ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň biri bolan «Ak altynyň» bol hasylyny kemala getirjekdiklerine şaýatlyk edýär.