Ï Türkmen kärhanalaryna ISO şahadatnamalary berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kärhanalaryna ISO şahadatnamalary berildi

view-icon 5500
Türkmen kärhanalaryna ISO şahadatnamalary berildi

Balkan welaýatynyň «Batly gadam» hususy kärhanasyna we «Türkmen deňiz hyzmatlary» HJ-ne ISO halkara ülňüleriniň talaplary boýunça halkara sertifikatlary berildi.

2010-njy ýyldan bäri «Batly gadam» HK-nyň öndürýän önümleri diňe içerki bazara iberilmän, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, Gazagystan, Eýran we Azerbaýjan we beýleki döwletlere hem eksport edilýär.

2018-nji ýylda kärhana jorap önümlerini we ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmek üçin, täze dokma önümçiligini ýola goýdy. 2021-nji ýylyň dekabrynda hil, ekologiýa we zähmeti goramak boýunça durnukly ösüş strategiýasynyň tassyklamasy hökmünde kärhana ISO 9001:2015 – toplumlaýyn hil dolandyryş ulgamy, ISO 14001:2015 – daşky gurşawy dolandyrmak we ISO 45001:2018 – saglyk goragy we zähmet howpsuzlygy boýunça şahadatnamalary aldy.

«Türkmen deňiz hyzmatlary» hojalyk jemgyýeti 2012-nji ýyldan bäri gämileri, mehaniki we elektrik enjamlary abatlamak bilen meşgullanýar, şeýle hem deňiz gämilerine agentlik hyzmatlaryny amala aşyrýar we dürli ugurlar boýunça maslahat berýär. 2021-nji ýylyň dekabrynda barlagyň netijeleri boýunça hojalyk jemgyýeti ISO 9001:2015 we ISO 45001:2018 şahadatnamalaryny aldy.