2022-nji ýyl Gündogar senenamasy boýunça Bars ýyly, şonuň üçin hem Täze ýylyň öňüsyrasynda biz fotohabarçymyz Alekseý Gimalitdinow bilen Janly tebigat muzeýine barslara myhmançylyga gitdik. Ýyrytyjylar üçin kapasalarda Şirhan atly bars bilen Mura atly ene bengal gaplaňy ýaşaýar. Olaryň ikisem Günorta Afriakdan, heniz çaga döwri Janly tebigat muzeýiniň açylyşyana gabatlanyp getirildi. Indi olar 11 ýaşynda.
Şirhan parahat bars – diýip Janly tebigat muzeýiniň işgäri Tatýana Orazowna belleýär.

Mura myhmansöýer ekeni. Ol ýanymyza geldi, surat enjamyny görüp, surata düşmelidigini aňdy. Derrew tekjä mündi-de, owadan bolup durdy. Onsoň bir gezek düşenim ýetik diýdi-de, aňyrsyna öwrülip ýatyberdi. Nätjek-dä – bars zenany-da!
Soňra dähedem-dessemläp Şirhan geldi. Murany surata düşürendiklerini görüp, olam ýeňiljek böküp, tekjä mündi-de, Muradan tapawutlylykda her hili durup gördi.
Indi müneçjimlere ýüzleneliň. Olar 2022-nji ýylyň gündelik durmuşy has-da gözelleşdirmek we täze zatlary öwrenmek üçin şowly ýyl boljakdygyny aýdýarlar.
Bars ýylynda doglan erkekler – gaýduwsyz esgerler, saýry adamlar. Bars erjel, maksada okgunly, durmuşda üstünlik gazanmagy başarýarlar. Ýöne duýgur, öňünden aýdyp bolmaýan hyýalbentlerden.
Zenanlar – dogumly we kesirräk. Olara ýolbaşçy gerek däl, olara deň derejeli adam gerek. Bars ýylynda doglan zenanlaryň özleri durmuşy bezeýärler.

Bars ýylynda doglan çaga bezenmäni, üýtgeşik saç daramagy halaýar, okuwda öňbaşçy bolmaga çalyşýar. Ata-eneler olary gysmaly däldirler – ondan netije bolmaz, düşünişmezlige elter. Barslara öz ukybyny görkezer ýaly hoşamaý bolmaly.
Beýleki ýyllarda doglanlara şowlulyk ýaran bolar ýaly birneme Barsa meňzejek bolmaly:
– Artykmaç elewremeli däl, ol bars ýaly asylly haýwana ýaraşmaýar.
– Ykjam, mertebeli bolmaly.
– Şu ýyl daş keşbiňe, syrdamlygya we ýörişiňe esewan bolmaly.
– Şu ýyl maşgalaňyzda çaga dogulsa, ol islegli, söwer çaga bolar, öýe köp şatlyk getirer.
Çakgan, güýçli we özbaşdak bolsaňyz, ömrüňiziň iň bagtly ýyllaryny ýaşarsyňyz.