Ï Türkmenistanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurowyň «Görogly düşelgede» atly suratyna edebi syn
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurowyň «Görogly düşelgede» atly suratyna edebi syn

view-icon 39679
Türkmenistanyň halk hudožnigi Ýakup Annanurowyň «Görogly düşelgede» atly suratyna edebi syn

Şekillendiriş sungaty hem, edil kino we teatr sungaty ýaly tomaşaly sungata degişli bolup, aňa täsir etmekde döredijilik ugurlarynyň iň inçesi hasaplanýar. Her surat durmuşyň dürli sepgitlerini beýan etmek bilen, gutarnykly çözülen çeper eser ornunda çykyş edýär. Eger-de, surata sahna hökmünde garalanda, ol ýerde beýan edilýän wakanyň bir pursadyny aňladýandygyny görmek bolýar. Bu babatda ýaşuly suratkeş Ýakup Annanurowyň “Görogly düşelgede” atly suratyna çeper seljerme berlende, bu suratyň sungat, taryh, edebiýat, etnografiýa ýaly milli düşünjeleri bir ýere jemlän ägirt uly maglumat çeşmesidigine göz ýetirmek bolýar. Eserde şekillendiriş sungatynyň (klassiki realizm) möhüm düşünjeleriniň ýerlikli ulanylmagy, eseriň gahrymanlarynyň tebigy gurşawda ýerleşişi diňe bir professional ýerine ýetirilişi bilen däl-de, hatda reňkleriň belli röwüşde saýlanyp alynmagy, suraty milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýar. Bu eserde hiç bir göwrüm, hiç bir reňk, hiç bir hereket biri-birine garşy çykyp, dartgynlyk döretmeýär. Wakanyň umumy sazlaşykly çözgüdi onuň çeperçilik agramyny artdyrýar. Suratda beýan edilen wakanyň döwrüň, egin-eşikdir dürli esbaplaryň we at-ýaragdyr tebigatyň hakykata laýyk suratlandyrylmagy, suraty synlaýan adamda bu ýagdaýyň hut şeýle bolandygyna ynam we çuňňur gyzyklanma döredýär. Bu hili eser, gözleriň bilen çintgäp okalyp, adam ruhuny baýlaşdyrýan suratlaryň hataryna girýär we milli medeni miras goruna öwrülen sungat eseri hasaplanýar.

...Umumy gözýetimde ala-daglar bilen gurşalan türkmen ýaýlasy... Suratda beýan edilen pursady synlap, at torbasydyr, şaý-ýaragyň bir ýan düşürilendiginden, töwerekde ýaý berip, säginip duran ýigitlerden netije çykaryp, suratkeşiň düşelgedäki pursady suratlandyrandygyny görmek bolýar. Suratyň merkezinde, gün şöhlesine duwlanan Görogly begiň gaýratly syraty öňe çykarylan. Ol goly dutarly, kyrk ýigidine nesihat-nama aýdyp duranam bolsa, manyly, ýiti nazary il-güne tarap gönügendir.

Elbetde, türkmen halkynyň aňyna, Göroglynyň keşbi owal-ahyr mertligiň, watançy serkerdäniň keşbinde siňensoň, Ýakup Annanurow hem ilki bilen şu düşünjelerden ugur alyp, bu tema ýüzlenen bolmaly. Bu eserde, Göroglynyň serkerde ornunda, halk köpçüligine maslahat salyp duran pursady aýdyň suratlandyrylýar. Bu surat, elbetde ilki bilen il-günüň, öz gahrymany, gahrymanyň bolsa, halk bilen agzybirligini görkezmek islegi esasynda dörän eser bolmaly.

Suratda jaýdar ornaşyp, eýesiniň owazyna maýyl bolup duran Gyr at şekillendirilipdir. Sähel aňyrrakda töweregi gurşap duran kyrk ýigidiň, ortada başy ak telpekli Öweziň keşbi suratlandyrylan, bäri başda çaýdyr-owkadyň aladasy bilen oturan Sapar kösäniň ýerleşdirilmegi eseri diňe bir many taýdan baýlaşdyrman, eýsem, çeper şekillendiriş sungatynyň esasy kadalarynyň biri bolan, kompozisiýa babatynda hem gutarnykly çözülen eserdir. Bu uly göwrümli, çylşyrymly eseri synlap, onda hiç bir tötänligiň ýokdugy, iň bir ownuk zatlaryňam öz ornuny tapyp, umumy kompozisiýany düzenligi, Ýakup Annanurowyň ezber kompozitor-suratkeşdigini subut edýär. Ýakup Annanurowyň “Görogly düşelgede” suratyny synlap, bu esere millilik we taryhy-etnografiki taýdan nusgalyk eser diýip bolar. Çünki, bu ýerde türkmeniň tebigatyndan başlap, halka mahsus ähli milli düşünjeleriň jemlenendigi mese-mälim görünip dur.

Elbetde halk döredijiliginde Göroglyny köplenç halatda kakabaş, aýlawsyz gönümel, kä ýerde has gödegräk häsiýetler bilen mahabatlandyrylan obrazyndan tapawutlylykda, Ýakup Annanurow öz Göroglysyny döredýär. Ol Göroglydan il başynda duran han, patyşa, ýa ýene bir hökümdar ýasaman, daşky keşbi, egin-eşigi, dutary bilen türkmene has ýakyn hem düşnükli bolan milli keşbi döredipdir. Bugdaýreňk, ýüzüne ýaraşyp, ýaşyna laýyk gyrçuw sakally başy tahýaly, goly dutarly Görogly, tüýs türkmentöwra kişi.

Suratda ussatlyk bilen görkezilen tebigatdanam, ony gurşap alan ala daglardanam, Görogly begiň “Arka berip daýandygym, goja daglar ýerindemi” diýen namasynyň owazy mese-mälim duýulup durmagy, Ýakup Annanurowyň halkyň durmuşyna we aňyýetine juda belet bolandygynyň alamatydyr.

Maral Annanurowa,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Sungaty öwreniji suratkeş.