Ï Gurjaklar sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gurjaklar sergisi

view-icon 8778
Gurjaklar sergisi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» atly sergi geçirildi.

Muzeýde görkezilýän kiçijik gurjaklar we üýtgeşik oýnawaçlar ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bolan ussatlaryň özboluşly işleridir. Sergidäki işlerde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna, onuň däp-dessurlaryna we durmuş ýörelgesine üns berlipdir.

Donlar, telpekler, erkek we zenan tahýalary, keteniden tikilen owadan köýnekler, milli lybasly gurjaklar oýunjaklar däl-de, özboluşly we köp asyrlyk taryhynyň özboluşly beýanydyr.

Sergide türkmeniň nesilbaşysy – Oguz hanyň we onuň ogullarynyň keşbi görkezildi. Gülälek Babagulyýewa gurjakda taryhy şahsyýetiň keşbini şekillendiripdir. Onuň şahsy kolleksiýasynda 200-e golaý gurjak bar. Işe başlamazdan ozal ol taryhy, gadymy keşdeleri we nagyşlary öwrenýär, şonuň üçinem onuň gurjaklarynyň milli lybasy aýratyn gelşikli görünýär.

Häli-häzire çenli türkmen çagalarynyň halaýan oýunlarynyň biri hem aşyk oýnudyr. Halynyň üstünde gadymy oýna güýmenip oturan çagajyklar bu ýere gelýän körpeleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde diňe bir aşygy ellemän, eýsem ony oýnamaga hem rugsat edilýär.

Maral Garaýewanyň «Ömür daragty» atly işi serginiň merkezinde ýerleşdirilipdir. Çeper elli zenanyň elinden çykan işde täze öwüşginler yzygiderli tapylyp dur. Daragtyň aşagynda eli bäbekli ýaş gelin, bagda bolsa oglanjyk otyr. Agajyň beýleki tarpyndaky şahadan asylan sallançakda bäbejik uklap ýatyr, biraz aňyrrakda çagalar agaç hiňňildikde uçýarlar.

Entek kiçijik wagtym bezzatja çagadym. Belki, çagalyk döwrüniň ýatlamalary bu işde beýanyny tapandyr – diýip, Maral gürrüň berýär. – Gurjaklary ýasamagy öwrenmek üçin men köp wagtlap ýörite guralan okuwlara gatnadym. «Başarjaň eller» gurnagynda sapak berdim. Golaýda meniň milli gurjaklarym Moskwada geçirilen «Tahýa «Gündogar bazary» Halkara medeniýetler gözden geçirilişinde görkezildi. Bu gün men öz işimi Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde höwes bilen görkezýärin.

Muzeý otaglaryndaky oýnawaç kerwenler, üýtgeşik gülçyralar aýratyn Täze ýyl ruhuny döredýär. Siz heniz çagaňyza üýtgeşik sowgat tapmadyk bolsaňyz, «Gurjaklar we oýunjaklar dünýäsi» sergisi size kömege geler. Bu ýerde gurjaklara diňe bir syn etmek däl, eýsem olary ýadygärlik hökmünde satyn alsa-da bolýar.