Ï Dekabryň ahyrynda ümürli we şemally howa garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dekabryň ahyrynda ümürli we şemally howa garaşylýar

view-icon 5164
Dekabryň ahyrynda ümürli we şemally howa garaşylýar

Türkmenistanda geçen dynç günleri kä ýerlerde gar ýagdy. Daşoguzda, Türkmenbaşy şäherinde, Tejende, şeýle hem alysdaky sebitleriň käbirinde hakyky gyş aýazy boldy. Paýtagtda gar gatyşykly ýagyş ýagdy.

Ýurdumyzyň Gidrometeorologiýa merkeziniň çaklamalaryna görä, dekabryň ahyrky hepdesi ümürli we sowuk bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly, käte ümürli we az-kem ygally howa garaşylýar. Gündizlerine +7…+9 gradus maýyl howa bolar. Hepdäniň ortasynda +12…+14 gradusa çenli maýlar. Gijelerine –1…-3 gradus sowuk howa bolar, dynç günleri +5 gradus howa garaşylýar. Täze ýyl gijesi ygalsyz bolar.

Ahal welaýatynda gündizlerine +6…+11 gradys, aňryçäk ýylanda +15 gradus maýyl howa bolar. Gije 0…–5 gradusa çenli howa bolar. Dynç günleri +1…+6 gradus howa garaşylýar. Üýtgäp durýan şemally bolmagy, ygal ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Gündizlerine howa +6…+11, hepdäniň ahyrynda +17 gradusa çenli maýlar. Gijelerine –4…+1 gradusdan +3…+8 gradusa çenli, kenarýaka sebitlerde +2…+7 gradus howa bolar.

Mary welaýatynda ümürli we şemally howa bolar. Şu hepdede ýagyş ýagmagy mümkin. Gündizlerine +5…+10, gijelerine 0…–5 gradus sowukdan  +2…+7 gradusa çenli maýyl howa bolmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynda gündizlerine +3…+8 gradus howa bolar. Hepdäniň ortasynda howa +10…+15 gradusa çenli maýar. Gijelerine –6 gradusdan +7 gradusa çenli howa bolar. Ýagyş ýagmagy we şemal turmagy mümkin.

Daşoguz welaýatynyň ýollary ümürli we sürçek bolar. Gündizlerine –1…+4, hepdäniň ortasynda +8 gradusa çenli maýlar. Gijelerine –6…–11 gradus sowuk bolar.

Möwsümleýin sowuklama keselleriniň we wirus ýokançlarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin howanyň ýagdaýyna görä ýyly geýniň. Agyz-burun örtügini dakynyň we howpsuz aralygy saklaň!