Ï Täze ýyl – sowgatlar baýramy!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýyl – sowgatlar baýramy!

view-icon 18945
Täze ýyl – sowgatlar baýramy!

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy bilen dekabryň 25-inden geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň ähli söwda nokatlarynda senagat we azyk harytlarynyň arzan bahadan satylyşy guraldy.

Baýramçylyk satyşlygy ýurdumyzyň iri söwda merkezlerinde, dükanlarynda we bazarlarynda geçirilýär. Tekjelerde azyk bolçulygy höküm sürýär: miweler, gök önümler, peýnir, şöhlatlar, göwnüň islän önümi, hatda iň datly önümler-de bar.

Bu günler haryt almak üçin, müňlerçe adam bazara gyssanýar, sebäbi her kim maşgalasyny we ýakynlaryny sowgat bilen begendirmek isleýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda daş-töwerek ýaldyrap, ýalpyldap durmagy bolsa, hakykatdanam ajaýyp baýramçylyk duýguny döredýär.

Käbir adamlar ýakynlaryny aşpezlik täzeligi bilen geň galdyrmak niýetinde bolsa, beýleki birleri ýadygärlik bölümlerine gyssanýarlar. Ol ýerde 2022-nji ýylyň nyşany bolan Bars şekillendirilen ýumşak oýunjaklar, gapjyklar we ýadygärlik sowgatlar bar. «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezinde bars şekillendirilen dürli dokma önümleri hödürlenýär. Owadan ýorgan-düşek toplumlary, süpürgiçler, penjekler we lybaslar baýramçylyk üçin arzanladylan bahalardan satylýar.

Gündogar senenamasyna görä, ýetip gelýän 2022-nji ýyl Gara ýa-da Mawy suw gaplaňynyň nyşany astynda geçer. Arça agajynyň aşagynda goýlan sungat önümleri, gadymy zatlar ýa-da sungat bilen baglanyşykly edebi eserler iň gowy sowgat bolar. Şeýle hem, müneçjimler Barsyň kaşaňlygy, zynaty gowy görýändigini, şonuň üçin ajaýyp ýüň ýorganyň we ýelek ýassyklaryň tüýs ýerine düşjekdigini ýatladýarlar.

Şirin sowgatlar çagalaryň hoşuna geler. «Hasar» hojalyk jemgyýetiniň telekeçileri Täze ýyl üçin 140 müňden gowrak baýramçylyk toplumyny çykardylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň konditer kärhanalary daşary ýurtdan satyn alynýan harytlaryň ornuny tutýan önüm öndümek maksatnamasynyň çäginde sowgatlary ilkinji gezek öz öndüren nygmatlary bilen doldurdylar.

Täze – 2022-nji ýylyň girmegine az wagt galdy, eýsem siz Täze ýyl üçin sowgatlary satyn almaga ýetişdiňizmi?