Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň akkordeonçylar we gitaraçylar orkestriniň konserti geçirildi.
Orkestriň ýerine ýetirmeginde türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň iň meşhur sazlaryndan düzülen aýdym-sazly çyykyşlar ýakynda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde-de ýaňlandy.

– Talyplarymyz täze ýyl konserti bilen lukmançylyk uniwersitetine baryp, deň-duşlary üçin hakyky baýram döretdiler – diýip, halk saz gurallary bölüminiň müdiri Bagdagül Hudaýgulyýewa gürrüň berýär. – Biz hemişe-de özboluşly kompozisiýalar we ilhalar aýdymlar bilen diňleýjileriň göwnünden turmaga çalyşýarys, diňe bir konserwatoriýada däl, eýsem ýerlerde hem konsertler guraýarys.
Akkordeon dünýäde iň meşhur saz gurallaryň biridir. Öz ugrundan hünärmen bolmak üçin, ýigitlerdir gyzlar bu saz guralyny çagalykdan öwrenip başlaýarlar. Gowy başlangyç taýýarlyk bilen akkordeonçylar ýörite orta hünär mekdebine girýärler. Olaryň köpüsi soňra çagalar aýdym-saz mekdeplerinde çagalarda saz sungatyna bolan söýgini ösdürýärler.
– Biz aýdym-saz programmasyny ýaş sazandalaryň mümkinçiliklerine görä düzýäris – diýip, akkordeon orkestriniň dirižýory Astanogly Baýramow aýtdy.
Iş ýüzünde görşümiz ýaly, okuwçylar, hatda iň kyn saz eserlerini hem çalmagy başarýarlar.
Deýw Brubekiň meşhur “Take Five” jaz kompozisiýasy solist Serdar Hojamyradowyň ýerine ýetirmeginde aňrybaş ýakymly ýaňlanýar. Gitara ansamblynyň Arslan Atarowyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetiren ispan sazlarynyň joşgunly ýaňlanmasy-da diňleýjilerde uly täsir galdyrýar. Konsertiň iň esasy çykyşy Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň horeografiýa bölüminiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen “Kawkaz tansy” boldy.