Bu gün Türkmenistanyň Suratkeşler bileleşiginiň agzasy Nurat Hojagulyýewiň ady milli şekillendiriş sungatynyň muşdaklaryna mälimdir. Öz döwründe Russiýanyň demirgazyk paýtagtynda şekillendiriş sungaty boýunça ýokary bilim alyp, Mary şäheriniň eteginde ýaşaýan bu adam hemişe hemmeleri üýtgeşik döredijilik işleri bilen geň galdyrýar. Ony beýleki kärdeşlerinden tapawutlandyrýan zat eserleri üçin mowzuklary we öwüşginli ýordumlary saýlamak ukyby, okyjylarymyza aýtmak isleýän zadymyz hem onuň çeper elleriniň işidir.

Ine, agyr atletika boýunça tanymal türkmen türgeni Altymyrat Orazdurdyýewe bagyşlanan suratlar toplumy. Suratkeşiň aýtmagyna görä, ol Altymyrat bilen obadaş. Çagalykdan biri-birini tanaýardylar. Şonuň üçinem adygan türkmen türgeniniň keşbini kendir matanyň ýüzünde suratkeş hökmünde beýan etmegi hut ol isledi.

Bilşiňiz ýaly, Altymyrat gysga ömründe milli sportuň ösmegine uly goşant goşdy. Ol halkara sport ýaryşlarynda birnäçe gezek, şol sanda Ýewropanyň-da çempiony boldy. Onuň sportda gazanan ýokary derejeleri ýaşlara oňyn täsir etdi, çünki olar-da şonuň ýaly bolmak we onuň sportdaky üstünliklerini gaýtalamak isleýärdiler.

Nurat Hojagulyýew, çagalyk dosty we meşhur türgeniň hakyky muşdagy hökmünde eserlerinde onuň iş ukybyny, öňünde goýlan maksada ýetmek hyjuwyny görkezipdir. “Synanyşyk”, “Çempionyň arzuwy”, “Ýeňiş”, “Duşuşyk” atly suratlar toplumy, şol bir wagtyň özünde janly öwüşginler arkaly sportçynyň begenjini we içki endişesini görkezýär. Bu eserlerde onuň garyndaşlarynyň we obadaşlarynyň buýsanjyny hem guwanjyny görmek bolýar.
Nurat Hojagulýew bu işlerini sport temasyna bagyşlanan sergilerde birnäçe gezek goýdy we şahsy sergilerinde-de görkezdi. Sungat adamy hökmünde ol halaýan eseri elmydama awtoryň golaýynda bolmaly diýen pikire gulluk edýär. Bu işleriň welaýat suratkeşiniň studiýasyny bezeýändigine garamazdan, olary görmek isleýäniň sany günsaýyn artýar. Meşhur türgeniň keşbini özenine we şol bir wagtyň özünde milli sport muşdaklaryna ýetirmek bagtynyň özüne miýesser edendigine Nurat buýsanýar. Bu işler milli sportuň abraýly halkara ýaryşlarynda güýçlenýän günlerinde has-da möhümdir.