Ï Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa benzin öndürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa benzin öndürilýär

view-icon 4419
Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa benzin öndürilýär

Nebit we gaz öndürýän ýurtlaryň nebit-himiýa önümçiligini döretmek arkaly öz ykdysadyýetlerini diwersifikasiýa etmegi bütin dünýäde giň gerim bilen ýaýbaňlanýan işdir.

Diňe soňky ýyllarda «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid» täze önümçilik toplumlarynyň, Gyýanly polimer zawodynyň we Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy ýaly uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirildi. Uglewodorod çig malyny gaýtadan ymykly işleýän bu kärhanalaryň hemmesi innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr we ekologiýa taýdan arassa önümçilik hasaplanýar. Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, halkara ülňülerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmäge gönükdirilendir. Mysal üçin, günbataryň gazy suwuk uglewodoroda öwürmek tehnologiýasy esasynda tebigy gazdan senagat derejesinde ekologiýa taýdan arassa sintetik benzini öndürýän özboluşly senagat toplumynyň önümleri aňrybaş ekologik häsiýetleri bilen tapawutlanýar – onuň düzüminde daşky gurşawa zyýanly kükürt birleşmeleri ýa-da azotly organik birleşmeler ýok. Häzirki wagtda bu kärhananyň ekologiýa taýdan arassa benziniň daşary ýurda eksportyny artdyrjak ikinji tapgyrynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy. 7-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenip geçilişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berildi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.