Ï «Röwşen» HK eksporty artdyrýar we ýyladyşhana gurýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Röwşen» HK eksporty artdyrýar we ýyladyşhana gurýar

view-icon 7835
«Röwşen» HK eksporty artdyrýar we ýyladyşhana gurýar

«Röwşen» hususy kärhanasy geçen ýylyň ahyrynda we şu ýylyň başynda Russiýa Federasiýasynyň welaýatlaryna gönden tikilen erkek aýakgaplarynyň birnäçe tapgyryny ugratdy. Ol ýere eýýäm aýakgaplaryň ýigrimi müňden gowrak jübüti iberildi. «Röwşen» HK-sy Domodedowo şäherinde (Moskwa oblasty) öz şahamçasyny açyp, şahamçanyň öndüren önümlerini satuwa çykarmak bilen geljekde onuň önümçiligini ýokarlandyrmak meýilleşdirýär.

«Röwşen» HK-nyň önümlerine diňe bir Russiýada däl, eýsem türkmen aýakgaplarynyň satuwa ugradylýan ýurtlary bolan Özbegistanda we Owganystanda-da isleg bildirilýär. «Röwşen» aýakgap kärhanasynyň hünärmenleri hemişe üýtgäp durýan islegleriň talaplaryna laýyk gelýän önümleriň hilini we biçüwini nazara alyp, aýakgap bazarynda giňden ornaşmagy başardylar.

“Röwşen” hususy kärhanasy 2003-nji ýyldan bäri islegli aýakgap öndürijisi hökmünde tanalýar. «Röwşen aýakgaplary» nyşanly aýakgaplar ilat arasynda hemişe islegli. Maryly aýakgap ömdürijileriň arassa gönden tikilen döwrebap aýakgaplary, ýurdumyzyň dükanlarynda ilata hödürlenýär. Bu gün kärhananyň 30-a golaý söwda nokady bolup, olarda dürli gön önümlerini satyn almak bolýar. Ýurdumyzyň şäherlerinde şereketiň «Röwşen aýakgap» nyşanly dükanlary bar.

Önümleri dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmäge italýan we türk biçimçi hünärmenleri degerli goşant goşdular. Marynyň «Röwşen» aýakgap şereketi tejribeli italýan we türk hünärmenleriniň biçim ülňülerine laýyklykda tikilen ulular we çagalar üçin häzirki zaman aýakgaplarynyň giň görnüşini öndürýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak şereketiň önümlerini has amatly we islegli haryda öwürdi.

Häzir bu hususy kärhana, esasan, ýerli çig maly — ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa gön ulanmak bilen, günde 500 jübüt aýakgap öndürýär. Häzirki wagtda «Röwşen» HK-sy maldarçylyk we hususy hojalyklardan gelýän dowar derilerini kabul etmek, gaýtadan işlemek, olardan iş ýüzünde ýaramly gön öndürmek üçin ýörüteleşdirilen «Maksat-Deri» açyk paýdarlar jemgyýetiniň bir bölegidir.

Maryly telekeçileri daşary ýurt söwda mümkinçilikleriniň artmagyny, ýakyn geljekde öndürijiligi günde bir ýarym müň jübüt ulular we çaga aýakgaplaryny öndürip bilýän döwrebap kärhananyň gurulmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Täze kärhanada 800-den gowrak iş orny açylar we ýylda müňlerçe däl-de, millionlarça jübüt önüm öndüriler. Kärhana 2019 – 2025-nji ýyllar aralygynda ýurduň sosial-ykdysady ösüşi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Milli Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň çarçuwasynda gurlar. Täze önümçilik desgasynyň gurluşygy üçin «Röwşen» hususy kärhanasyna Mary welaýatynyň ýer gaznasyndan ýedi gektar töweregi ýer bölünip berildi. Telekeçiler desganyň gurluşygyny 2024-nji ýylda tamamlamagy meýilleşdirýärler we daşary ýurt önümleriniň ornuny tutýan önüm öndürmek üçin şert döredýärler.

Telekeçileriň şu ýylyň başynda öz güýçleri bilen gurup başlajak häzirki zaman aýakgap kärhanasy, tebigy çig maldan, dokma önümlerinden we beýleki serişdelerden aýakgap taslamalaryny, şol sanda dabanlaryny-da öndürmäge niýetlenip, awtomatlaşdyrylan we robotlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün ediler. Dünýä belli aýakgap öndürijileriň innowasiýa tehnologiýalary ilatyň ösen islegini kanagatlandyrmaga we islegli aýakgaplaryň onlarça görnüşleriniň üznüksiz öndürilmegine mümkinçilik berer. Täze desganyň häzir daşary ýurtdan alynýan önümleriň ýerine tas dört million jübüt aýakgap öndürmäge we iki müňe golaý iş ornuny döretmäge mümkinçilik berjekdigi hasaplandy. Bu diňe bir daşary ýurtdan gelýän önümiň mukdaryny azaltmaga däl, eýsem ýurdumyzyň öndürýän önümlerini daşary ýurda ibermek mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmaga-da ýardam berer.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek baradaky maksatnamalaryna laýyklykda, «Röwşen» HK-sy Mary sebitinde gök önümdir bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 8,0 gektarlyk şitilhana gurup, eýýäm şu ýylyň gyş aýlarynda ilata ter gök we bakja önümlerini hödürleýär. Şu ýyl sowadyjy ammarlaryň hem-de gök we bakja önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalaryň toplumy işe giriziler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyna» laýyklykda, maldarçylygy ösdürmek we beýleki ekinleri öndürmek üçin, «Röwşen» kärhanasyna 800 gektar ýer bölünip berildi. Berlen ýeriň bir bölegine iýmlik ekinler ekilip, balykçylyk hojalygy döredildi we ýerler abadanlaşdyrylýar.