mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«John Deere» kompaniýasy sürüjisiz täze traktor bilen tanyşdyrdy

view-icon 2982
«John Deere» kompaniýasy sürüjisiz täze traktor bilen tanyşdyrdy

«John Deere» kompaniýasy smartfondan işledilýän tapgyrlaýyn öndürilýän täze traktor bilen tanyşdyrdy. Täze innowasion enjama sürüji gerek däl, indi ony smartfondan hem dolandyryp bolýar. Onuň täze nusgasyny «John Deere» 8R traoktorynyň binýadynda döretdiler. Traktor GPS-modul we töwerege syn etmek hem-de päsgelçilikleri görmek üçin kameralaryň altysy bilen üpjün edilen. Amerikan maşyngurluşygy kompaniýasynyň menejmenti eýýäm şu ýyldan täze traktory köpçülikleýin satuwa çykarmagy göz öňünde tutýar.

«John Deere» kompaniýasy Türkmenistanyň uzak möhletleiýn ygtybarly hyzmatdaşalrynyň biridir. Dünýä belli amerikan kompaniýasy indi 25 ýyl bäri içerki bazarlarda bar. Kompaniýanyň öndürýän traktorlary oba hojalyk önümçiginde ulanylýar, olar köp wagtdan bäri türkmen ekarançyalrynyň ynamayna girdi. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk döwri şu kompaniýanyň dürli oba hojalyk tehnikalarynyň 8 müňden gowragy alyndy.