Ï Üstünligiň esaslary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Üstünligiň esaslary

view-icon 4164
Üstünligiň esaslary

Ýurdumyzda öndürilýän ýüplügi daşary ýurtlara iň köp eksport edýänleriň biri-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz pagta egriji fabrigidir. Ol daşary ýurt bazarynda eksport boýunça şertnamalaýyn borçlaryny wagtynda we ýokary derejede ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Bu kärhana özüniň şertnamalaýyn borçlaryny we haryt-çig mal biržasynda baglaşan şertnamalarynyň şertlerini ýerine ýetirmek bilen, geçen ýyl dünýä dokma bazarynda aýratyn isleg bildirilýän ýokary hilli «Ring» kysymly pagta ýüplügini ýakyn we uzak ýurtlaryň birnäçesine iberdi. Onuň önümlerini sarp edijileriň arasynda Türkiýe, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Gyrgyzystan, Ukraina we beýleki döwletler bar.

Kärhananyň önümleriniň ýokary bäsdeşlik ukyby onuň eksport işini üstünlikli amala aşyrmagynyň esasy sebäpleriniň biridir. Daşoguz pagta egriji fabrigi öňdebaryjy dünýä öndürijileriniň ýöriteleşdirilen döwrebap abzallary bilen enjamlaşdyrylan we içerki çig maly gaýtadan işläp, ýokary hilli hem ekologiýa taýdan arassa taýýar önüm öndürmäge gönükdirilen ýokary tehnologiýaly täze önümçilik desgasydyr. Bu ýerde halkalaýyn usulda egrilip, halkara hil standartlarynyň iň soňky talaplaryna laýyk gelýän 100% pagta ýüplügi öndürilýär. Kärhana ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işlemäge we dünýäde aýratyn isleg bildirilýän ýokary hilli «Ring» kysymly pagta ýüplüginiň 14,5 müň tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Öndürilen önümleriň hili şereketiň iň ýokary takyk ölçeg enjamlary bilen üpjün edilen öz barlaghanasynda berk barlagdan geçýär.

Bularyň bary sebitdäki kuwwatly çig mal bazasy, zähmetkeşleriň ökdeligi bilen goşulyp, zawodyň önümlerine beýleki daşary ýurt öndürijileriniň önümleri bilen ýeterlik derejede bäsleşmäge we dünýä dokma bazarynda mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berýär. Olaryň içerki bazarda-da giňden isleg bildiliýändigini bellemelidiris.

Önüme bolan şeýle uly isleg kärhana diňe geçen ýyl 89 milliondan gowrak manatlyk önüm öndürmäge mümkinçilik berdi.