mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Оba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmäge ygtyýar berildi

view-icon 4055

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Gazagystan Respublikasynyň Ekologiýa, geologiýa we tebigy serişdeler ministrliginiň Tokaý hojalygy we haýwanat dünýäsi komitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça döwlet komitetiniň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlenýän “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” transmilli desgalary dolandyrmak we goramak babatda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.