Ï Dubaýda geçýän «EKSPO – 2020» DÖM-üň bütindünýä ösüşi üçin media zolagydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dubaýda geçýän «EKSPO – 2020» DÖM-üň bütindünýä ösüşi üçin media zolagydyr

view-icon 2504
Dubaýda geçýän «EKSPO – 2020» DÖM-üň bütindünýä ösüşi üçin media zolagydyr

«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda Dubaýda geçýän Bütindünýä sergi 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hemmeler üçin açykdyr. 15-nji ýanwardan 22-nji ýanwar aralygynda sergide Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) pudagynyň hepdeligi geçirilýär. Birleşdiriji güýji we işiniň köp taraplylygy netijesinde BMG-niň sergide görkezilen maksatnamalarydyr taslamalary bizi birleşdirýän pikirleri we tejribeleri öňe sürýär.

Bütindünýä sergisinde DÖM-iň Media zolagy 2022-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan 21-nji ýanwaryna çenli dowam eder. Metbugat hyzmatdaşlary bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan gurnalan DÖM-iň Media zolagy Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaýbaňlanyşyny syýasy ugurdan üýtgedip, köpçülige dahylly mowzuga öwürmegi maksat edinýär.

Söhbetdeşliklerdir göni ýaýlymda geçirilýän çekişmeler arkaly DÖM-iň Media zolagy deňsizlik, howanyň üýtgemegi we gender deňligi ýaly global meseleleri çözmek ugrunda innowasion çözgütleri we başlangyçlary ara alyp maslahatlaşmak üçin, BMG-niň ýolbaşçylaryny, pudagyň abraýly agzalaryny bir ýere jemleýär.

«Ykjamlyk» atly mowzuklaýyn zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň bölüminiň binagärlik keşbi okgunly ösüşiň girewi hökmünde hemişelik hereket pikirini beýan edýär. Türkmen sergisiniň girelgesiniň ýanynda heýkel — çüwdürim ýerleşdirildi. Bu ýerde myhmanlary ady äleme dolan türkmenleriň milli baýlygy, buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleri garşylaýar. Behişdi bedewleriň bäşisi ýurdumyzyň ösüşiň belentliklerine tarap gadamyny, milli mirasa sarpany, maksatlaryň bitewüligini, halkymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Ahalteke bedewiniň heýkeli binanyň ýelken şekilli zolagynda ýerleşdirilip, onuň ýüzündäki tolkun görnüşli gum aňňatlaryny alamatlandyrýar.

2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO – 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy. Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasy «Al Wasl» dabaralar merkezine geçirildi.

Dubaýda geçýän Bütindünýä sergisi 2022-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

«Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» şygary astynda geçýän sergä 190-dan gowrak döwlet, dürli guramalar we gaznalar gatnaşýar. Onuň iş alyp barjak döwründe – 182 günüň dowamynda 25 milliona golaý adamyň gelmegi çak edilýär.