Ï Azyk önümlerini öndürmegiň depgini ýokarlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Azyk önümlerini öndürmegiň depgini ýokarlanýar

view-icon 6330
Azyk önümlerini öndürmegiň depgini ýokarlanýar

Lebap welaýatynyň telekeçileri döwletimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, azyk önümlerini öndürmegiň depginini has-da ýokarlandyrýarlar. Munuň şeýledigini tamamlanan 2021-nji ýylyň görkezijileri bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Geçen ýylyň dowamynda welaýatyň hususyýetçileri 409,78 tonna konditer önümlerini öndürmegi başardylar. Bu bolsa ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 121,5 tonna ýakyn önümiň köp öndürilendigini aňladýar.

Tamamlanan ýylyň dowamynda söwda nokatlaryna welaýatyň telekeçileri tarapyndan şöhlat we şöhlat önümleriniň 281,5 tonnasy iberildi. Bu bolsa ondan öňki ýyldakydan 155 tonna köpdür. Welaýatyň dükanlarynda we ak bazarlarynda ilatyň höwes bilen satyn alýan bu azyk önümleriniň üçden bir bölegine golaýyny, ýagny, 94,5 tonna şöhlat önümlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sergeý Kulýapiniň paýyna düşýändigini belläp geçmek ýakymlydyr. Şeýle hem telekeçi Aýymjan Rawşanowanyň önümhanasyndan dükanlara we bazarlara bu önümiň 69 tonnasy iberildi. Bu onuň 2020-nji ýylyň dowamynda öndüren önümlerinden 19,7 tonna köp diýmekdir.

Welaýat boýunça hususyýetçileriň alkogolsyz içgileri öndürmek boýunça ýeten sepgitleri hem aýratyn bellärliklidir. Olaryň 2021-nji ýylda öndüren jana şypaly içgileri 728,59 müň dekalitre barabar boldy. Bu ýetilen sepgit ondan öňki ýyl bilen deňşedirilende taýýarlanan önümiň 71,01 dekalitr köpdügini aňladýar.

Welaýat boýunça telekeçilik ulgamynda ýedi hazynanyň biri hasaplanýan guşçulygy ösdürmeklige hem aýratyn üns berilýär. Geçen ýyl söwda nokatlaryna hususyýetçileriň öndüren ýumurtgalarynyň 8 million 141 müň 800 sanysynyň iberilmegi, onuň 2020-nji ýyldakysyndan 2 million 903 müň 800 sanysynyň köp bolmagy bu ulgamda alnyp barylýan giň gerimli işleriň buýsandyryjy netijeleridir. Ýetilen belent sepgitler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde alyp barýan guramaçylyk we wagyz – nesihat işleriniň talaba laýyk ýola goýlandygynyň aýdyň görkezijileridir.