Ï Döredijilik ylhamynyň joşguny suratlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döredijilik ylhamynyň joşguny suratlarda

view-icon 5896
Döredijilik ylhamynyň joşguny suratlarda
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi türkmen nakgaşlarynyň arasynda döredijilik işjeňligini döretdi. Muzeýlerde, sergi merkezlerinde we çeperçilik galareýalarynda žiwopis işleriniň sergileri açylýar.

Paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň sergisi Tawus Mämmedowanyň «Bedew bady bilen» atly suraty bilen açylýar. Surat simwoliki ähäňde çekilipdir, ol öňe okdurylýän ahal-teke bedewleriniň bäşisiniň badyny beýan edýär. Atlar ýurduň baş şäherine sazlaşykly utgaşýar, olaryň batly gadamy bolsa, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň we syýasatynyň güýçli ösüşini aňladýar.

Parahat Ilbaýewiň «Türkmen gyzy» suraty bu iş bilen gowy utgaşýar. Nakgaş onda milli şaý-sepli owadan gyzy şekillendiripdir. Onuň «Dostum» atly şahyrana suratynda gyzjagaz ýakyn dostuna öwrülen täze doglan taýçanaga gant berýär.

Atajan Rejebow dynç alyp, saglygyň berkidliýän, deňizden we amatlyklardan lezzet alynýan Awazanyň etegindäki Hazaryň salkyn suwly tolkunlaryny şekillendiripdir. Awaza özüniň ajaýyp kenarynda ýatdan çykmajak pursatlary teklip edip, özüne çekýär. Hat-da alysdan ak mermerli binalary gören guşlar-da bu oňaýly ýere sary ugur alypdyrlar.

Gülşat Annamyradowanyň «Garagum çöli» suraty dekorariw usulda çekilipdir. Suratda düýeler Garagum çölünde äwmän-alňasaman gidip barýar. Dogup gelýän Gün nuruna düýeleriň kölegesi döreýär. Pastel reňkleriň mahmal öwüşginleri ony has göze ýakymly görekzýär. Surat düýeleriň şeýle hatar tutup, üsti harytly uç-gyraksyz çöl aşan döwri Beýik Ýüpek ýoluny ýada salýar.

Nakgaş Keramaz Amataýewiň «On alabaý» işinde naşyja güjüjekler arassa asman astynda depä üýşüpdirler. Çopanyň dosty we ýakyn kömekçisi bolan bu itler adam üçin wepanyň hem-de ygtybarlygyň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň raýatlary türkmen alabaýynyň gujuryna we mährine, aklyna we mylaýymlygyna buýsanýarlar.

Baýram Mämiýew «Örüde» atly üýtgeşik suratynda tagamly ter otuň üstünde arassa howadan lezzet alyp ýatan iki sygry şekillendiripdir. Baýram ýagtylykdyr kölegäni ýerlikli bermegi başarypdyr.

Güller hakda suratlaryň arasynda Merdan Babajanowyň «Liliýalar» atly işi has şowly çykypdyr. Awtor liliýalaryň gülýapraklarynyň süýtreňk-goýraslygyny suratyň gara düşegi bilen garşylykly goýmagyň hötdesinden gelipdir.

Synymyzy Merdan Kakabaýewiň plakat žanrynda çeken «Täze Daşoguz» işi bilen jemlemekçi. Nakgaş işini iki bölege bölüpdir. Onuň öňdäki böleginde sahawatly saçak, onuň aňyrsynda täze Daşoguzyň köşki-binalarynyň şekilleri çekilipdir. Onuň merkezindäki Döwlet tugunyň aşagynda awçy şekillendirilipdir.

2022-nji ýylyň şygarynda aýdylýan jebis bütewilik serginiň guramaçylaryna «Döredijilik» temasyna ýüzlenmäge mümkinçilik beripdir, bu tema türkmen nakgaşlarynyň suratlarynda doly açylypdyr.