Milli ykdysadyýetimiziň dokma senagaty pudagynda önjeýli zähmet çekip, öňde goýlan belent sepgitlere abraý bilen hötde gelýän kärhanalaryň biri hem Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumydyr. Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy hem-de tikinçileriň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde önümçiligiň ýokary görkezijileri gazanylýar.
Ýokary üstünliklere eýe bolýan bu toplum gysga wagtda tutuş ýurduň Dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşulmagy başardy. Kärhanada geçen ýylyň iş tabşyryklary hem möhletinden öň üstünlikli berjaý edildi. Has takygy, kärhanada geçen döwürde sarp edijilere ýetirilen aýakgap we tikin önümleriniň möçberi ep-esli derejede ýokarlandy. Häzirki zamanyň kämil enjamlarydyr tilsimatlary bilen üpjün edilen toplumda, geçen ýylyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň umumy sanynyň 463 müň 148-e ýetmegi muňa doly güwä geçýär. Munuň özi 19 million 493 müň manatlykdan gowrakdyr. Netijede ýyllyk iş meýilnamasy 165 göterim ýerine ýetirildi.
Bu bolsa öndürilýän ýokary hilli önümleriň sarp edijileriň arasynda uly isleglerden peýdalanýandygynyň aýdyň netijesidir.