Ï «Teatr» atly film surata düşürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Teatr» atly köp bölümli kinofilm surata düşürilýär

view-icon 8703
«Teatr» atly köp bölümli kinofilm surata düşürilýär

Her bir ynsan ýaşlygyndan öz öňünde belent maksat goýýar we çagalykdan şonuň arzuwynda gezýär. Kimler kino aktýory, kim aýdymçy, kimler bolsa sahna eserlerini goýujy ýa-da çeper filimleri dörediji režisiýor bolmagy arzuw edýär. Köpler şol arzuwlaryna hem ýetýärler.

Şonuň ýaly sahna ussatlarynyň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletgeldi Berdiýewdir. Ol Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahna ussady hökmünde tanalyp, hemişe dürli häsiýetlerdäki keşpleri janlandyryp gelýär.

Ata-babalarymyzyň «Ata dünýäsi ogla gönezlik» diýşi ýaly Döwletgeldiniň saýlan ýolunda kakasy — Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýewiň maslahatlary ony kämillige atardy. Döwletgeldi: «Kakam maňa kiçiligimden çeýe, çalasyn bolmagy ündeýärdi» – diýip belläp geçýär.

Häzirki wagtda Döwletgeldi Berdiýewiň režisýorlyk etmeginde «Teatr» atly köp bölümden ybarat telefilm surata düşürilýär. Bu filmde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahna ussatlary ̶ Türkmenistanyň halk artistleri Öwez Gelenow, Halbike Dowyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkiş Mätnazarow we ýaş artistler surata düşýärler.