Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty görä, gyşyň soňky aýynyň başynda, esasan maýyl we güneşli howa bolar.
Eziz Diýarymyzda howanyň ortaça temperaturasy + 17°C bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa, säher çaglary ümürli bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +11…+13 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda ýylylyk artar diýlip, çak edilýär, şonuň üçin anna güni howa +18 gradusa çenli maýlar. Şeýle-de bolsa, gijesine 0…–2 gradusdan +4…+6 gradus aralygynda salkyn bolar. Dynç günleri ümürli bolar, käbir ýerde gysga wagtlyk ýagyş ýagar.
Ahal welaýatynda hepdäniň dowamynda gündizlerine üýtgäp durýan bulutly, howanyň temperaturasy +4…+9 gradusdan +12…+17 gradus, gijelerine –3… +2 gradusdan +3…+8 gradus aralygynda howa bolar. Şenbe we ýekşenbe günleri gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we ümürli howa bolar. Gündizlerine +8…+13 gradus, gijelerine -3…+2 gradus howa bolar. Hepdäniň dowamynda howa +17 gradusa çenli maýlar. Howa kenarýaka sebitlerinde +4…+9 gradus bolar.
Mary welaýatynyň çäginde, esasan, bulutly howa bolar. Gündizlerine howanyň temperaturasy +5…+10 gradus, gijelerine -2…+3 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda simap sütünjigi gündizlerine +21 gradusa çenli galar. Ýöne dynç günleri eýýäm ýagyş ýagar diýlip çak edilýär, bu bolsa temperaturanyň +17... +9 gradusa çenli peselmegine täsir eder.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolar. Gündizlerine howa +4… +9 gradusdan +10…+15 gradusa çenli gyzar. Howa gijelerine -4…+1 gradus, hepdäniň ahyrynda +1… +6 gradus aralygynda bolar. Käýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin.
Daşoguz welaýatynda esasan bulutly howa bolar. Gündizlerine +1…+6 gradus, gijelerine –1…–6 gradus howa bolar. Hepdäniň dowamynda howa gündizlerine +5…+10 gradusa çenli maýlar. Ygalyň bolmagy mümkin.
Güneşli howa garamazdan, özüňize we saglygyňyza üns beriň. Öýden çykmazdan öň, howanyň ýagdaýyny göz öňünde tutuň, suw geçirmeýän aýakgap geýiň! Möwsümleýin sowuklama keselleri ýaýramagynyň öňüni almak üçin, lukmançylyk örtügini ulanyň we degişli aralygy saklaň!