Ï «Janly surat» taslamasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Janly surat» taslamasy

view-icon 10484
«Janly surat» taslamasy
«Janly surat» taslamasy
«Janly surat» taslamasy
«Janly surat» taslamasy

USAID-iň «Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek» we telekeçiligi we işewürlik-gurşawy döretmek boýunça taslamasynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetçiler birleşmesi bilen bilelikde guran «Startup Ecosystem 2021» maksatnamasynyň çäklerinde täze işe başlan ýurdumyzyň telekeçileri öz taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Olardan eýýäm gowy netije berýän taslamalaryň biri «Janly surat» innowasion taslamasydyr.

Bu taslamada islendik adam indi her kime elýeter täze tehnologik ugra goşulyp biler. Onuň işleýşi juda ýönekeý – «akylly» öýjükli telefonuň kamerasy ýörite mobil goşundydaky surata gönükdirilýär we surat göni telefonuň ekranynda «jana girýär». «Janly surat» olara berkidilen wideoşekilli fotosuratlary ýükleýär, ol hem telefony oňa gönükdirlenden işläp başlaýar. Surat her hili – çagalar bagy barada ýatlama, dostlaryňyz bilen duşuşyk, sporta meşgullanmak ýa-da durmuş toýy bolup biler. Suratda durmuşyň islendik pursadyny janlandyryp bolýar.