– Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ömrüni bu jadyly gurala bagyşlan sungat adamlary üçin buýsançly we şatlykly waka boldy – diýip, Türkmenistanyň halk artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň dosenti, kompozitor, sazanda Orazmyrat Annanepesow gürrüň berýär.
– Siz dutar sungatyny ösdürmekde köp işler bitirdiňiz. Dutar sungatynyna gelşiňiz barada aýdaýsaňyz!
– Kakam Jepbar aga ýönekeý sürüjidi, ýöne agşamlaryna dutarda saz çalmagy halardy. Men çagakam kakamyň çalýan sazlaryny diňleýärdim. Kakam dutara bolan höwesimi aňyp, meni Gökdepäniň sazçylyk mekdebine eltdi. Soňra bolsa Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörite orta mekdebinde dutar ugrundan okuwymy dowam etdim. Men özüme sapak beren halypa mugallymlara häli-häzire çenli hoşallygymy bildirýärin. Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň halk saz gurallary fakultetinde professor Ýolaman Nurymowdan sapak aldym. Okuwy tamamlanymdan soň şol kafedrada dutar ugrundan mugallum bolup işe başladym, ýöne bilime höwesim Almata şäherindäki döwlet konserwatoriýasynyň gaýybana bölümine eltdi. Ol ýerde men professor Kubyş Muhiýewden köp zat öwrendim.
Men 1986-njy ýylda Bakuda Uzeir Gajibekowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan Orta Aziýa Respublikalarynyň we Kawkaz Respublikalarynyň halk saz gurallary sazandalarynyň Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Men şol bäsleşikde Ferens Listiň «Ikinji rapsodiýasyny», Uzeir Gajibekowyň «Ikinji fantaziýasyny» we B.Feoktistowyň gaýtadan işlän «Kalinka» rus halk sazyny, şeýle hem «Ýusup-Owgan» we «Ybraýym Şadilli» türkmen halk sazlaryny çaldym. Emin agzalary meni bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edende begenjimiň çägi bolmandy.
Sazanda üçin esasy zat – diňe bir jadyly saz däl-de, eýsem onuň ykrar edilmegi hem möhümdir. Işlän döwrümde «Dutar üçin gollanma» we «Türkmen halk saz gurallarynda ýerine ýetirijilik taryhy» kitaplarym neşir edildi. Ikinji kitap sazçylyk okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy bolsa-da, ony türkmen sazynyň muşdaklarynyň ählsi höwes bilen okaýarlar.
– Halypa – şägirtlik ýolunda alyp barýan işleriňiz we öz şägirtleriňiz barada gürrüň berseňiz...
– Bir wagtlar özümem şägirtdim, başarýan zatlarymyuň köpüsini halypalarymdan öwrendim. Şonuň üçin hem mugallymçylyga hormatly kär diýýärin. Men 70-den gowrak sazanda taýýarladym, olaryň üstünliginde – hormatly ada eýe bolmagynda, bäsleşiklerdäki ýeňişlerinde – meniň hem-de maňa saz sungaty dünýäsini açan öz halypalarymyň uly paýy bar diýip hasaplaýaryn.
Men dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen ildeşlerimizi gutlaýaryn. Goý, dutaryň owazy älemde hemişe parahatçylyga we dostluga hyzmat etsin!