Ï «Teatr» serialynyň režissýory bilen söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Teatr» serialynyň režissýory bilen söhbetdeşlik

view-icon 8875
«Teatr» serialynyň režissýory bilen söhbetdeşlik
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Işgärimiz Azady Myradowyň «Teatr» teleserialy baradaky maglumaty KHS-iň ünsüni özüne çekdi. Magtymguly adyndaky Türkmen sazly drama teatrynyň aktýory Döwletgeldi Berdiýewiň sahnadaky we sahna arkasyndaky aktýorlar barada teleserial döretmek boýunça synagy hem teatr işgärlerini, hem-de teatr söýüjileri gyzyklandyrdy. Paýtagtymyzyň beýleki teatrlarynyň aktýorlary hem bu synaga gatnaşmak isleýändiklerini mälim etdiler.

Biz bu pikiriň eýesi Döwletgeldi Berdiýew bilen duşuşanymyzda, ol ýerine ýetirilen hem göz öňünde tutulýan işler barada, ine, şulary aýtdy:

– Bu pikiri iki ýyllap beýnimde göterip gezdim. Tomaşaçylara teatry daşardan görkezmek, oýun goýluşy we teleseriallaryň surata düşürilişi barada maglumat bermek isledim. Şeýlelikde, tomaşaçynyň aktýor durmuşynyň iki tarapynda-da bolmaga mümkinçiligi bolar.

– Serialyňyzyň teatr sahnasynyň arkasy barada dokumental filme öwrülmeginden ätiýaç edeňzokmy? 

– Ýok. Iş pursatlary oýnuň barşynda ýüze çykar.

– Bu oýun näme hakynda?

– Ol Medeniýet institutynyň režissýorlyk bölümini tamamlan Didaryň Magtymguly adyndaky sazly drama teatryna işe iberilmegi bilen başlanýar. Ol ýerde çeper ýolbaşçy oňa çagalar üçin bir ertekini sahnalaşdyrmagy teklip edýär.

– Näme üçin erteki?! – diýip, Didar gaharlanýar. Eýse, meniň sahnada goýmak islän Molýerdir we Şekspiriň eserleri näme?

– Molýerem, Şekspirem garaşar, häzirlikçe bolsa hekaýa başla. Ine, oýun, ine-de, baş gahryman Ogulsoltan, tanyş bol!

Didaryň ýüzüne urlan ýaly bolýar! Bu gyz, çeper ýolbaşçynyň kabulhanasynda onuň bilen dawalaşan şol gyz, çagalar ertekisinde esasy keşbi ýerine ýetirmeli şol ...

Eger aktrisa bilen režissýoryň gatnaşygy başdan bir hörpden gopmasa, onuň nähili gutarjagy belli däl... Wagtyň geçmegi bilen, Didar beýik sungatyň kiçi zatlardan başlanýandygyna teatrda göz ýetirýär.

Teatrymyz sazly bolansoň, biz seriýaly öz aýdym-sazlarymyz bilen bezegde alyp barmaly bolýarys. Şonuň üçin biziň iki kompozitorymyz bar, ikisem Türkmenistanyň at gazanan artisti: nusgawy saz boýunça – Kuwwat Çaryýew, estrada sazy boýunça – Begenç Hojaýew.

– Serialyňyzyň edebi esasyny kim ýazýar?

– Eziz Geldimyradow – «Ahal durmuşy» gazetiniň jogapkär kätibi. Biz onuň bilen dil tapyşdyk, onuň işleýşi maňa ýaraýar.

– Siziň üçin keşp tapyldymy?

– Elbetde, men özümi oýnaýaryn ...

– Seriala haçan tomaşa edip bileris?

– Birinji seriýa surata düşürilip boldy diýen ýaly. Häzir filmi seslendirmegiň üstünde işleýäris. Elbetde, maňa galsa, tomaşaçynyň ýordumyň ujuny ýitirmezligi üçin, birbada birnäçe seriýany taýyn ederdim, ýöne wakalaryň nähili ýaýbaňlanjakdygyny wagt görkezer.

– Öz adymdan we gazetimiziň okyjylarynyň adyndan size üstünlikler arzuw edýäris we teatryň durmuşynyň hem sahnada, hem sahna daşynda görkezilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

– Hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin sag boluň!