Daşoguz welaýatynda ýazlyk sogan üçin bölünip berlen ýeriň meýdany geçen ýyl bilen deňeşdirilende, iki esse köpeldi. Häzir Daşoguz welaýatynyň ähli etraplarynda ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça hemmetaraplaýyn işler tamamlanyp barýar.
Welaýat boýunça ýazlyk sogany köp öndürýän Gurbansoltan eje we S.A.Nyýazow adyndaky etraplardyr. Olarda degişlilikde bäş ýüz elli (550) we dört ýüz togsan (490) gektar meýdanda sogan ekiler. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, S.Türkmenbaşy, Köneürgenç we Akdepe, şeýle hem beýleki etraplarda ýazlyk sogan soganyň bol hasyly ýetişdiriler. Ýöriteleşdirilen zerur tehnikalar we toplanan tejribeler esasynda Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu jogapkärçilikli möwsümi bellenen möhletde ýokary derejede geçirmegi meýilleşdirýärler.
Soňky ýyllarda suw we ýer gorlaryndan tygşytly peýdalanylmagynyň, zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň, sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan we ir ýetişýänligi bilen tapawutlanýan görnüşlerini ekmegiň hasabyna ýerli daýhanlar bol hasyl almagyň hötdesinden gelýärler. Şu ýyl sebitde ýene-de güýzlük soganyň ekişi geçiriler. Şunuň ýaly işler sarp ediş bazarynyň ýokary hilli içerki azyk önümleri bilen doldurylmagyna goşant goşýar we olaryň elýeterli bahalaryny yzygiderli saklamaga mümkinçilik berýär.