Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň hümärmenleriniň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň işgärleriniň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.
Teýmiriler eýýamynyň gymmatlyklary we ýadygärlikleri hem-de özbek tarapynyň taýýarlan iki döwletiň muzeýleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek wideomaslahatyň esasy temasy boldy.
Özbegistanly muzeý hünärmenleri Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmiriler taryhy Döwlet muzeýiniň işini hemmetarpalaýyn beýan etdiler. Olar edaranyň işgarleriniň alyp barýan möhüm ylmy barlaglary diňe bir muzeý gymmatlyklary däl-de, eýsem teýmiriler eýýamy bilen baglanşykly arheolgik tapyndylar hakda hem gürrüň berdiler. Özbek wekilleri emir Teýmiriň ady bilen bagly bäş müňden gowrak neşirleriň sanawy bolan birbada birnäçe dilde çykan bibliografik işiň wajyyp ähmiýetini bellediler. Neşirde Teýmire bagyşlanan dissertasiýalar, monografiýalar we beýleki ylmy işler bar.
Özbegistanly muzeý işi hünärmenleri soňra türkmen kärdeşlerine Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde saklanylýan teýmiriler eýýamyna degişli arheologik tapyndylar, şeýle hem şol taryhy döwre bagyşlanan ýazuw çeşmeleri bilen tanyşmak islegini beýan etdiler.
Türkmen hünärmenleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli mirasyny saklap galmaga, taryhyny, ruhy we maddy medeniýetini öwrenmäge aýratyn üns berýändigini, hyzmatdaşlaryna Türkmenistanyň ajaýyp ýadygärlikleriniň üçüsiniň: «Gadymy Merw» (1999-njy ýyldan), «Könürgenç» (2005-nji ýyldan) taryhy-medeni goraghanalarynyň we Nusaý galalarynyň (2007-nji ýyldan) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini gürrüň berdiler.
Soňra Türkmenistanyň muzeý işgärleri teýmiriler eýýamynyň maddy medeniýetiniň ýadygärliklerini öwrenmegiň möhümdigini nygtadylar, çünki ol Merkezi Aziýanyň taryhynyň wajyp sahypalaryny dikeltmäge we Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň binagärliginiň we şekillendiriş sungatynyň ösüşiniň umumy ugruna düşünmäge ýardam eder.
Teýmirileriň häkimiýet başynda bolan döwri Merkezi Aziýanyň medeni we ylmy durmuşy kuwwatly ösüşe eýe bolupdyr. Emir Teýmir Keşdäki Aksaraý köşgüniň gurluşygyna Könürgençden iň zehinli ussalary çagyrypdyr. Merwde şol eýýamda gurlan naýbaşy binalar häli-häzire çenli saklanyp galypdyr.
Teýmirileriň häkimiýet başynda bolan döwründe gurlan binalaryň birem ýer titremesinde weýran bolan Änewdäki Seýit Jemal-ed-Din metjididir.
Duşuşgyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe halklaryň arasynda ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak meselelerine berýän yzygiderli ünsi üçin hoşallyk bildirdiler. Şeýle hem muzeý gymmatlyklaryny saklamak we dikeltmek babatda tejribe alyşmak üçin tematiki sergileri hem-de hümärmenleriň özara saparlaryny guramak mümkinçiligine garadylar.