Ï Daşoguzly gazçylaryň iş günleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguzly gazçylaryň iş günleri

view-icon 8412
Daşoguzly gazçylaryň iş günleri

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň işgärleri etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek maksadynda fewral aýnyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Bu barada Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Häzirki döwürde «Gubadagetrapgaz» tarapyndan etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly we dürli ululykdaky bitewi gaz ulgamynyň 1363 kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede hyzmat edilýändigini aýratyn bellemek bolar.

Gaz geçirijilerini aýawly ulanyp saklamak we sarp edijileri tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek üçin, gaz geçiriji ulgamynyň desgalarynyň düýpli bejergisi, durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem täze ilatly nokatlara gaz çekmek boýunça toplumlaýyn iş alnyp barylýar. Mundan başga-da, hünärmenler tebigy gazyň tygşytly we howpsuz ulanylmagy barada ilat arasynda düşündiriş işlerini yzygiderli alyp barýarlar.