Ï Bol hasylyň aladasy baharda başlanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol hasylyň aladasy baharda başlanýar

view-icon 5406
Bol hasylyň aladasy baharda başlanýar

Mähriban Diýarymyzyň obasenagat toplumyny yzygiderli ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, olaryň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak, netijede azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu babatda ýokary wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda hem aýratyn nygtap geçdi. Döwlet Baştutanymyz şol taryhy ähmiýetli çykyşynda: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis» — diýip belledi.

Öňde goýlan belent wezipelere abraý bilen hötde gelmek, oňa nusgalyk önümçilik görkezijileri bilen jogap bermek ugrunda ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri bilen bir hatarda Balkan welaýatynyň tejribeli, zähmetsöýer babadaýhanlary hem ähli tagallalary edýärler. Olar şu ýyl «ak altyndyr» ak bugdaýyň bereketli hasyly bilen birlikde, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hem bitginli hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler.

Balkan welaýtynyň babadaýhanlary şu ýyl jemi 2900 gektar ýere ýeralma ekip, şonça meýdandan 40600 tonna hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler. Gürrüňi edilýän meýdanyň 1600 gektaryna bolsa ýazlyk ýeralma ekilip, ondan şu möwsümde 22400 tonna hasyl ýygnalar.

Ýeri gelende aýtsak, Günbatar sebitiň kärendeçi daýhanlary ýaz ekişi möwsüminde sogan ekilen 1100 gektardan ýygnaljak hasylyň möçberini 27500 tonna ýetirerler. Şeýle-de welaýatyň oba zähmetkeşleri şu ýyl 650 gektar meýdana ekiljek ýerden 16250 tonna pomidor hasylynyň ýygnalyp alynjakdygyna pugta ynanýarlar.

Bahar paslynyň ýaşyl begrese beslenen häzirki hoştap howaly, mahmal möwsüminde hem welaýatda kelemdir käşiriň ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Ýaz ekişiniň ýokary hil derejesi hem geljekki bol hasylyň mäkäm binýady bolup hyzmat edýär. Geljek hasyl döwründe sebit boýunça ýygnaljak kelemiň möçberem 5750 tonna ýeter. Munuň üçin 230 gektar meýdanda kelem ekiler. 470 gektar meýdanda ekilip başlanan käşirden ýygnaljak hasylyň umumy möçberini hem 8460 tonna ýetirmek göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da möwsümde 50 gektar hyýardan alynjak hasyl bir müň tonna barabar bolar.

Welaýatyň uzaklara ýaýylyp ýatan bereketli meýdanlarynda ekiljek bakja ekinleriniň umumy meýdanam 2620 gektara ýetip, olardan 52400 tonna hasyl ýygnalar. Şeýlelikde, welaýat boýunça ýazlyk ýeralmanyň hem-de gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdany 6720 gektary öz içine alar. Bu bolsa welaýatyň ilatyny öz topragymyzda ýetişdirilýän dürli oba hojalyk önümleri bilen ygtybarly üpjün eder.

Şu günler Balkan welaýatynyň oba hojalyk toplumynyň işgärleridir ekerançylary dowam edýän bahar paslynyň jana ýakymly, ýagyş-ýagmyrly howa şertlerinden netijeli peýdalanyp, geljekde bol hasyl almak üçin has-da joşgunly zähmet çekýärler.