Ï Jogapkärli möwsüm üstünliklere beslenýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jogapkärli möwsüm üstünliklere beslenýär

view-icon 8286
Jogapkärli möwsüm üstünliklere beslenýär

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen birlikde oba hojalyk toplumyny hem düýpli galkynyşa eýe etmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň hemişe ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Çünki, agrar pudagyň maksadalaýyk ösdürilmegi ýurdumyzyň ygtybarly azyk boçulygynyň binýady bolup hyzmat edýär. Hut şu esasda hem oba hojalyk pudagyny we onuň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek, ýerlerde ösen tehnologiýalara daýanýan täze önümçilikleriň gerimini giňeltmek, ilatymyzy ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, dürli görnüşli önümler bilen doly üpjün etmek baş maksat bolup durýar. Şundan ugur alnyp, sebitiň howa-toprak şertlerine, tebigy aýratynlyklaryna baglylykda Balkan welaýatynda ykdysady taýdan juda bähbitli bolan maldarçylygy ösdürmeklige aýratyn üns berilýär.

Muňa Balkan welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan tutumly işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki günlerde bolsa balkanly maldarlar dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly ýagdaýda gyzgalaňly alyp barýarlar. Ýeri gelende aýtsak, sebitiň toprak-howa şertlerine görä bu möwsüm ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna garanyňda Balkan welaýatynda biraz giç başlanýar. Şöňa görä-de sebitde dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi aprel aýynyň ikinji on günlüginde tamamlanýar. Şeýle-de bolsa, balkanly maldarlar bu jogapkärli möwsüme hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlykly geldiler. Has takygy, möwsümi göwnejaý geçirmek üçin öri meýdanlar irgözünden saýlanyp alyndy. Şonuň ýaly-da mallar üçin niýetlenilen ýataklardyr agyllar doly taýýarlanyp, ot-iýmleriň ýeterlik gorlary döredildi. Şeýle hem çopanlara wagtlaýyn kömekçileri berkitmek, hasabat işlerini takyk ýöretmek ýola goýuldy.

Garagum çölüniň jümmüşinde, Köpetdagyň, Uly we Kiçi Balkan daglarynyň eteklerinde ýaýylyp ýatan bereketli ýaýlalarda bakylan dowarlaryň semizlik derejesi gowy. Bu bolsa alynýan owlak-guzularyň sagdynlygyna oňyn täsirini ýetirýär. Olara zooweterinariýa gözegçiligi hem talabalaýyk alnyp barylýar.

Tejribeli çarwadarlar bu gün owlak-guzy almak boýunça göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Şeýle üstünligiň gazanylmagyna hem welaýatyň Serdar etrabynyň «Gyzylarbat», Türkmenbaşy etrabynyň «Balkan», Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary saldamly goşant goşdular. Şu ýyl welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigi boýunça 48504 ene dowarlardan ýaş mallaryň 44280-si alyndy. Olaryň ählisem össürime goýberildi hem-de zerur bolan möwsümleýin çäreler degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda öz wagtynda geçirildi.

Günbatar sebitiň maldarçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynda düýelerden köşek almak babatda ýetilen sepgitlerem has guwandyryjy boldy. Netijede hojalyklarda bakylýan ene düýelerden alynan köşekleriň sany 699-a. ýetdi. Bu bolsa oba hojalygyndaky jogapkärli möwsümiň üstünliklere beslenip, degişli borçnamalaryň ýerine ýetirilendigine doly güwä geçýär.