Ï Uly bahar konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uly bahar konserti

view-icon 7043
Uly bahar konserti

8-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň Uly zalynda konsert geçirildi. Direktoryň sazçylyk boýunça orunbasary Allamyrat Durdygylyjowyň düzen maksatnamasy özünde 20-den gowrak çykyşlary jemläp, mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň dürli saz gurallarynda ussatlyklaryny görkezmäge mümkinçilik berdi.

Konsert Meret Muhammetgulyýewiň dirižýorlyk etmeginde simfoniki orkestriň ýerine ýetiren iki çykyşy bilen açyldy. Daňatar Öwezowyň «Aýna» operasyndan bir parça we italýan sazandasy Wittorio Montiniň döreden «Çardaş» kompozisiýasy ýaňlandy.

Soňra «Güneş» mekdep hory çykyş etdi. Hora Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aknur Hojagurbanowa ýolbaşçylyk edýär. Sahan «Watan barada aýdym» (sazy Gülşat Ödenyýazowanyňky, sözleri Allanur Çöliýewiňki) hem-de «Parla baýdagym» (sazy Berdinyýaz Babanyýazowyňky, sözleri Şirinjemal Dolyýewaňky) eserleri ýerine ýetirildi.

Şeýle hem konsertde Nury Halmämmedowyň, Çary Nurymowyň, Durdy Nurymowyň, Baýram Hudaýnazarowyň, Gahryman Aşyrowyň, şeýle hem daşary ýurtly kompozitorlaryň eserleri ýerine ýetirildi. Olary mugallymlar – Oktaý Najafow, Allamyrat Durdygylyjow, Aýmyrat Saparmyradow, Öwezmyrat Amanmyradow, Nurmyrat Nyýazmyradow, Diana Melkumowa şeýle hem mekdebiň okuwçylary Ylýas Amangeldiýew (10-njy synp), Abadan Meredowa (11-nji synp), Leýli Baýramgeldiýewa (9-njy synp) we beýleki okuwçylar ýerine ýetirdiler.

Çäre tamamlanandan soňra konserti guraýjylar ähli isleg bildirýänleri mekdep-internatyň iň gowy okuwçylarynyň 30-njy aprelde şenbe gününde meýilleşdirilen konserte çagyrdylar. Konsert sagat 12.00-da başlanar.