Ï Wiwaldiniň sazy astynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wiwaldiniň sazy astynda

view-icon 5030
Wiwaldiniň sazy astynda
Wiwaldiniň sazy astynda
Wiwaldiniň sazy astynda
Wiwaldiniň sazy astynda
Wiwaldiniň sazy astynda
Wiwaldiniň sazy astynda

Diýarymyzyň demirgazyk sebitiniň edara ediş merkeziniň ýaşaýjylary aprel günlerinde şirin mukamlardan lezzet almak mümkinçiliklerini Daşoguz welaýatynyda ýerleşýän M.Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň döredijilik toparyndan peşgeş aldylar. Olar welaýatyň çagalar sungat mekdebiniň zalynda, mekdebiň mugallymy Ö.Baýlyýewiň ýolbaşçylygynda «Owaz» kamera orkestrniň ýerine ýetiren, meşhur britan kompozitory Maks Rihteriň interpretasiýasy esasynda Antonio Wiwaldiniň ölmez-ýitmez «Ýylyň pasyllary» eseriniň diňleýjileri boldular. Skripkada N.Halmämmedow adyndaky Halkara sungat festiwalynyň laureaty, mekdebiň mugallymy Hezretylla Reýimbaýew çykyş etdi.

Antonio Wiwaldiniň skripka we orkestr üçin 1723-nji ýylda ýazan ýesir ediji «Ýylyň pasyllary» atly eserini ýerine ýetirmek aýratyn kyn bolup, ol hakykat ýüzünde, sazandalardan saz gurallaryna ussatlarça erk etmegi talap edýär. Hünärmenler orkestriň owazyny tebigy reňkleriň we owazlaryň utgaşmasyny suratlandyrýan täsirli polotnosy diýip hasap edýärler. Onda diňe skripkanyň özbaşdak owazyna däl-de, onuň hoş labzyna we hoş owazyna, şeýle-de orkestrde sazandarlyk edýänleriň her bir saz gurallarynyň äheňlerine juda möhüm ähmiýet berilýär. Bir sesiň beýlekisine bagly bolan akgynly we sazlaşykly geçirilmegine görä, eseriň esasy we mazmuny diňleýjä şowly ýetirilýär.

«Ýazda» diňleýji tebigatyň oýanyşyna şaýat bolýar, otlaryň we ilkinji ýapraklaryň ümsüm şygyrdysyny, çeşmeleriň şillirdisini, guşlaryň saýraýşyny, birdenem ümsümligi duýdansyz bozýan gök gümmürdisini açyk eşidýär.

«Gyşda» tersine, skripkanyň ýiti sesinden, ol göýä sowukdan ýaňa we syrgyndaky gezelençden doňup galýar. Şeýle-de Wiwaldi bu konserti bilen adamzat durmuşynyň dört döwrüni — çagalygyny, ýetginjekligini, kämilligini hem garrylygyny baglanyşdyrypdyr diýen pikir döredýär.

«Owaz» kamera orkestriniň ýylyň dürli pasyllaryny saz dilinde aýdyň hem-de doly beýan etmegi tomaşaçylara lezzet paýlady. Şeýle-de bu döredijilik çäresi ýaş sazandalar üçin hünär ussatlygyna goşmaça sapak bolup hyzmat etdi.