Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky senagat zolagynda ýerleşýän “Demir ölçeg” hususy kärhanasy köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýär. Bu kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Serdarberdi Mätiýewiň ýolbaşçylyk edýär.
Kärhanada demirden elektrik enjamlary üçin şitlerdir gutular taýýarlanýar, şol sanda ähli pudaklardan gelýän sargytlar boýunça dürli işler ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilýär. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär.
Hususy kärhananyň hyzmatlarynyň hatarynda meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurmak hem sazlamak, gorag ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnap, ulanyşa tabşyrmak ýaly köp sanly ugurlary-da görkezmek bolar. Şeýle-de elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir ölçegleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, 35 kW çenli bolan dizel generatorlary abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek işleri alnyp barylýar. Abatlanan enjamlar hem döwlet standartlaryna laýyklykda, ýörite barlaglardan geçirilýär. Şeýle hem kärhana ýörite ygtyýarnamalar esasynda howa we ýerasty elektrik geçirijilerini çekmek boýunça işleri, senagat gurluşygy işlerini ýerine ýetirýär.
Şu günlerde hem hususy kärhananyň ussat işçi-hünärmenleri ygtybarly elektrik enjamlaryny köp möçberde öndürip, eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen has-da joşgunly, tutanýerli zähmet çekýärler.