Ï Möwsümleýin işler gyzgalaňly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Möwsümleýin işler gyzgalaňly dowam edýär

view-icon 6143
Möwsümleýin işler gyzgalaňly dowam edýär

Balkan welaýatynyň babadaýhanlary ýylyň-ýylyna bugdaýdan bol hasyl alyp, halkymyzy öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli, tebigy taýdan arassa azyk önümleri bilen ygtybarly üpjün etmeklige mynasyp zähmet goşantlaryny goşýarlar.

Şu günlerde hem welaýatyň ekin dolanyşygyndaky ýerlerde geçen ýyl ekilen, oňat gögeriş alnan güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri guramaçylykly ýagdaýda alnyp barylýar. Welaýatda bugdaýa ideg etmek, oňa ösüş suwuny tutmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin goşmaça mineral we mikrodökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlaryň garşysyna gerbosidleri ulanmak çäreleri agrotehniki möhletlerde üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle-de bu möhüm işler gadymdan gelýän milli ekerançylyk ýörelgeleri, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri we ösen tehnologiýalar esasynda sanly ulgam arkaly ýola goýulýar.

Welaýatyň oba hojalykçylary 2022-nji ýylyň hasyly üçin geçen güýzde ekilen 50 müň gektar ýerden bol hasyl aljakdyklaryna berk ynanýarlar. Muňa bolsa doly esas bar. Çünki, ajaýyp, joşgunly baharda öz wagtynda takyk guralýan möwsümleýin agrotehniki işler, olaryň döwrebap hil derejesi topragyň ýokary hasyllygyny şertlendirýär.

Sebitiň ekin dolanyşygyndaky müňlerçe gektar ýerleri hapa-haşal otlardan arassalamak işlerine hem ýerlerde aýratyn üns berilýär. Munuň üçin deslapdan taýýarlanylan ýokary netijeli gerbosidler önümçilikde giňden ulanylýar.

Möhüm çäräni agrotehniki möhletlerde şowly geçirmek üçin welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň, onuň etraplardaky kärhanalarynyň ýörite derman pürküji tehnikalarydyr enjamlary hem diýseň ýerlikli peýdalanylýar. Möwsümleýin çäreleriň ählisi hem bugdaýa ideg etmek, oňa ösüş suwuny bermek işleri bilen utgaşyp, ýetip gelýän galla oragyna çenli bol hasylyň ýetişdiriljekdigine bolan ynamy has-da artdyrýar.