Şu ýyl dünýä halklary Wenanyň nusgawy saz mekdebiniň wekili, awstriýaly kompozitor Ýozef Gaýdnyň doglan gününiň 290 ýyllygyny belleýär.
Gaýdna simfoniýalaryň atasy hem diýýärler. Ol saz äleminde simfoniýa žanrynyň düýbüni tutanlygy üçin şeýle ada mynasyp boldy. Onuň nesillere juda kän, jemi 104 simfoniýa galdyrandygyny-da aýtmak gerek.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Wena nusgawy saz mekdebiniň wekiliniň eserleriniň 10-syndan düzülen konsert geçirildi. Diňleýjileriň arasynda Frans Ýozef Gaýdnyň şadyýan sazlarynyň muşdaklary – konserwatoriýanyň talyplarydyr mugallymlary, paýtagtymyzyň sazçylyk orta hünär mekdebiniň we sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdy.
Konserti taýýarlan kamera ansambly kafedrasy konserti iki: fortepiano we orkestr sazlary bölege bölüpdir. Konserti açan Amannazar Arslanow H-moll sonatany ýerine ýetirdi.Fortepiano sonatasy dabaraly we optimistik äheňde ýaňlandy. Sazyň belli bir derejede onyň döredeniň içki dünýäsini we häsiýetini açyp görekzýändigini aýtmak gerek. Şonuň üçinem Gaýdnyň eserleri diňleýjileriň aňynda inçe ýumor zehinli hoşgylaw we ýagşy adamyň keşbini döredýär.
Konserwatoriýanyň 1-nji ýyl talyby Erjel Ýagşymyradowyň çalan Si-minor sonatasy şahyrana we şadyýan ýaňlandy. Diňleýjiler Erjeliň ilkinji çykyşyna agzybir el çarpmalar bilen goldaw berdiler.
Konsertde wokal eserleri-de ýerine ýetirildi. Türkmensitanyň halk artisti soprano Gülnar Nuryýewa Gaýdnyň soňky eseri – «Pasyllar» oratoriýasyndan ariýany şahyrana äheňde aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, wokalçy Bahar Durdyýewa «Wepa» we «Röwşen bakyş» aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Aýbölek Muhyýewa, Kakageldi Hojalekow we Stella Faramazowa skripkada, wiolençelde, fortetianoda C-dur triosyny ýerine ýetirdiler.
Sahna dirižýor Döwletmämmet Ökdirow bilen «Ylham» kamera ansamblynyň sazandalary çykýarlar. Alyp baryjy: «D-dir konserti. Solist – Türkmensitanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow» – diýip yglan edýär. Gaýdnyň esereleriniň ählisine mahsus ýeňil we nepis, käte hyjuwly owaz diňleýjileriň şatlygyny artdyrdy.
Ýozef Gaýdna bagyşlanan konsert oňa gatnaşanlaryň ählisine ruhy lezzet paýlady.