Ýurdumyzyň döredijilik adamlary-nakgaşlar, kino- teatr işgärleri, aýdymçylar we sazandalar, şeýle hem talyp ýaşlar Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýewiň 75 ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalyna ýygnandylar.
Ilki bilen Akmyrat Çaryýewi konserwatoriýanyň rektory gutlap, onuň döredijiligine uly baha berdi. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Akmyrat Çaryýew halk içnde belli bagşy Sahy Jepbarowyň sazandasy, 60-dan gowrak aýdymy dörediji, ajaýyp dutarçy we ussat halypa hökmünde ýurdumyzyň medeniýetiniň taryhyna girdi.
Uly monitorda Akmyrat Çaryýewiň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň berýän suratlar, wideo şekiller, şeýle hem Alty Garlyýewiň “Mukamyň syry” filiminden bölekler görkezildi. Bu filimde Akmyrat Çaryýew Döwranyň keşbini ýerine ýetiripdi.
Awtorlyk konsertde ýurdumyzyň belli aýdymçylary we sazandalary çykyş etdiler. Olar Akmyrat Çaryýewiň döreden, diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanan aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetidiler.
Konsertiň ahyrynda Akmyrat Çaryýewiň özi çykyş edip, öz döreden “Arkadagly Serdar” atly sazy bilen konserti jemledi. Akmyrat Çaryýewiň döredijiliginiň muşdaklary halk artistine hoşallyk bildirip, gül çemenlerini gowşurdylar.