Ï Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç

view-icon 8339
Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç
Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç
Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç
Türkmenistanyň muzeýlerine wirtual gezelenç

«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň» çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Sanly ulgamy ornaşdyrmagyň usulyýeti we wirtual muzeýiň mümkinçiligi» atly ylmy-amaly maslahat boldy. Oňa ýurdumyzyň resmi saýtlary bolan iri muzeýleriniň ählisiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly muzeýleriň işiniň döwrebap guralşynyň we dolandyrylyşynyň meselelerine garadylar. Şeýle hem sergileriň hilini gowulandyrmak we gelýänleriň ünsüni çekmek üçin şertleri döretmek babatda sanly ulgamyň gowy mümkinçilikleri bellenildi.

Häzirki wagtda muzeýlerde saklanylýan gymmatlyklaryň bütewi elektron binýadyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Döwlet muzeýinde www.museum.gov.tm internet-saýt we www.virtualmuseum.gov.tm wirtual muzeý internet-saýt döredildi. Wirtual muzeýiň internet-saýtyna giren her bir adam Döwlet muzeýine wirtual gezelenç edip biler. Ol özüni gyzyklandyrýan temany saýlap we düwmä bir gezek basyp muzeýiň «Gadymy dünýä», «Marguş», «Antika», «Orta asyrlar», «Haly» bölümlerine, etnografiýa boýunça tekjelere we dioramalara girip biler.

Muzeýlere innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy türkmen halkynyň medeni mirasyny, taryhyny, häzirki we geçmiş medeniýetini öwrenmäge, goramaga hem-de wagyz etmäge mümkinçilik berer. Internet-saýtdan diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem daşary ýurtlular hem peýdalanyp bilerler.

Enejan Altyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri