Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 1400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almaklyk göz öňünde tutulýar.
Welaýatda şu oba hojalyk ýylynda ýazlyk ýeralmany eken 9 etrabyň ählisinde hem bu möwsüme ykjam taýýarlykly gelinmegi, ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebtiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy hem-de ekişiň öz wagtynda, agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegi, ekiş geçirilen ähli meýdanlarda bu ekiniň endigan gögeriş gazanymagyny üpjün etdi.
Her gektardan 140 sentner hasyl almaklygy maksat edinýän lebaply babadaýhanlar häzirki wagtda bu möhüm azyklyk ekinine daýhan yhlasy bilen seredip, agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini, ýagny, suwarmak, hatarara bejergilerini geçirmek, zerur bolan organiki hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmak çärelerini yzygiderli alyp barýarlar. Bu bolsa, ýeralmanyň talabalaýyk boý almagyna we hasyllylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Ýylyň ýylyna welaýat boýunça bu ekiniň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýan Çärjew etrabynda 400 gektar, Dänew etrabynda 380 gektar, Saýat we Halaç etraplarynyň her birinde 200 gektar ýere ýeralma ekilip, ekinlere ideg işleri has-da göwnejaý alnyp barylýar. Şeýle hem welaýat boýunça şu ýyl 900 gektar ýerde ýazlyk sogan ekilip, her gektaryň hasyllylygyny 250 çentnere ýetirmeklik, möwsümde bolsa, 22 müň 500 tonna sogan öndürmeklik göz öňünde tutulýar.
Bu ugurda etraplaryň ählisinde hem işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilmegi, ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde soganyň bol hasyly kemala getirilýär. Bu işde welaýatyň Döwletli etrabynynyň gök ekerançylary has tapawutlanýarlar. Olaryň şu ýyl hem 180 gektar ýerde ýazlyk sogan ekip, onuň bol hasylyny kemala getirendiklerini buýsanç bilen belläp geçmek bolar.
Ýakyn wagtlarda hasyly ýygnalyp başlanjak, häzirki wagtda görseň gözleriňi dokundyrýan ýeralma hem-de sogan ekilen meýdanlar, bu ýerlerde alnyp barylýan gyzgalaňly işler lebaply ekerançylaryň bu azyklyk ekinleriniň bol hasylyny alyp, bellenilen maksada ynam bilen ýetjekdiklerine güwä geçýär.