Ï Pagtanyň täze görnüşleri synag edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pagtanyň täze görnüşleri synag edilýär

view-icon 8558
Pagtanyň täze görnüşleri synag edilýär

Öňki ýyllar bilen deňeşdirilende Daşoguz welaýatynyň pagta meýdanlarynda orta süýümli pagtaň dürli görnüşleri köp ekildi. Şu ýyl türkmen hünärmenleriň işläp taýýarlan «Ýolöten-39» görnüşli pagta öňki däp bolan görnüşleriniň üstüni doldurdy. Ol häzirlikçe az ýere ekilýän hem bolsa, hünärmenler pagtanyň bu görnüşiniň ýerli howa şertleri bilen uýgunlaşyp, bol hasyl berjekdigine umyt baglaýarlar.

Türkmenistanyň demirgazyk sebitindäki çylşyrymly howa şertleri tohum seçgisinde şol ýeriň toprak howa şertlerini göz öňünde tutmalydygyna ekerançylar uly üns berýärler. Pagtanyň synag edilýän bu görnüşi üçin dokma senagatynyň talaplaryny göz öňünde tutmak, ýerli howa şertleri bilen uýgunlaşmagy, kesellere durnuklylygy, ýokary hasyllylygy, süýümiň berkligi we uzynlygy hem-de ekologiýanyň talaplaryna gabat gelmegi hökmany şert bolup durýar. Şonuň üçin pagta tohumyny ýetişdirmekde we sebitiň oba hojalykçylaryny ýokary hilli tohum bilen üpjün etmeklige toplumlaýyn çemeleşilýär. Bu gymmatly çig malyň täze görnüşlerini oýlap tapmak üçin uly işleri alyp barýarlar. Gubadag etrabyndaky ylmy-önümçilik merkezinde soňky ýyllarda pagtanyň ýerli we daşary ýurtly görnüşlerini sapmak bilen ýerli şertlere uýgunlaşan görnüşlerini döretmek boýunça ylmy işleri alyp barylýar.