Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň döredilenine şu ýyl 50 ýyl dolýar.Şu döwürde sazandalaryň, aýdymçylaryň, kompozitorlaryň we sazşynaslaryň ençemesi ýokary bilim alyp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna goşulyp, döredijilik zehini bilen halkymyza şatlyk paýlaýarlar.
Şanly senäni ýedi konsert bilen bellemek göz öňünde tutulýar. Olara häzirki talyplar we dürli ýyllaryň uçurymlary, şeýle hem ýaşuly halypalar gatnaşarlar.
Meýilleşdirilen ýedi konsertiň ilkinjisinde kompozisiýa we orkestrleme kafedrasynda bilm alýan talyplaryň 13-si çykyş etdi. Geljekki kompozitorlar öz döreden eserleri bilen çykyş etdiler we eserleriň köpüsi ilkinji gezek ýaňlandy.
Konsert 2-nji ýyl talyby Permän Täşliýewiň «Sonatinasy» bilen açyldy, ol owazlarynyň duýgurlygy bilen diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdy. Erjel Ýagşymyradowyň eseri ussatlarça ýerine ýetirmegi eseriň täsirini has-da artdyrdy.
Adatça men saz döredýän kompozitorlara aýratyn zehiniň eýesi hökmünde garaýaryn. Şonuň üçinem kompozitor diýlende hyýalymda aýratyn keşpli adamlar janlanýar. Bu ýerde bolsa sada, şadyýan we zehinli ýaş talyplara gözüň düşýär. Hatda olaryň eserleiniň ady-da «Güýz», «Kerwen», «Ýene», «Wariasiýaly tema», «Pursat», «Ýene», «Wariasiýaly tema», «Pursat»... ýaly gysbydan döwrebap.
Okuwçylarynyň çykyşyna syn etmäge kompozitorlar Baýram Hudaýnazarow, Meret Annamyradow, Kerim Garowow, Suhan Tüýliýew we ilkinji zenan türkmen kompozitory, Çary Nurymowyň şagirdi Jeren Gurbangylyjowa dagylar geldiler.
Zenan kompozitor seýrek duşýän kär. Şol ýerde biz kompozitor gyz bilen hem tanyşdyhk. 5-nji ýyl talyby Oguljeren Halylowanyň döreden «Pursat» atly eserini Didar Ýomudow goboýda ýerine ýetirdi.
-Men Balkan welaýat sazçylyk ýörite orta mekdebinde okaýan döwrüm saz döredip başladym –diýip, Oguljheren gürrüň berýär- Ýaş kompozitorlaryň bäsleşigine gatnaşdym. Zähmetim ýerine düşdi, 2 ýyldan soňra konserwatroiýa okuwa girip, döreden eserim 1-nji orna mynasyp boldy. Meniň eserlerimde goboý üçin partiýa köp ýaňlanýar, olary hemişe Didar Ýomudow ýerine ýetirýär. Men bu hyzmatdaşlygymyz üçin oňa juda minnetdar.
Çykyş edenleriň arasynda tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Döwran Şammyýew hem bardy. Ol «Fantaziýa» eseri bilen çykyş etdi.
-Aşgabadyň 4-nji sazçylyk mekdebinde okaýan döwrüm mugallymymyz Selbi Nyýazowa okuwçylary kompozisiýanyň esaslary bilen tanyşdyrdy. Okuwçylaryň ählisi saz döretmage synanyşdylar, ýöne olardan meniň hem-de bir okuwçy gyzyň döreden sazlarymyz saýlanyp alyndy. Ýaş kompozitorlaryň bäsleşigine gatnaşyp, eýýäm baş eser döredenligim üçin konserwatoriýa okuwa aldylar – diýip, Döwran gürrüň berýär.
- Döwran, siz konserwatoriýada we paýtagymyzyň beýleki sahnalarynda estrada aýdymçysy hökmünde hem çykyş edýärsiňiz. Ony dowam etmekçi dälmi?
-Men aýdym aýtmagy hem, saz döretmegi hem gowy görýärin.
Ýaş kompozitorlaryň konserti 2-njy ýyl talyby Saparmyrat Baýlyýewiň «Türkmenistan» atly watanperwer eseri bilen jemlendi.Ýurdumyzyň ösüşleri barada gürrüň berýän saza goşulan konserwatoriýanyň horunuň sazlaşykly aýdymy eseriň dabarasyny we ähmiýetini has-da güýçlendirdi.
Ýygnananlar talyp kompozitorlara Watanymyzy ajaýyp eserleri bilen wasp etmäge bolan hyjuwlary we islegleri üçin dowamly el çarpyşmalar bilen berekellasyny ýetirdiler.