Ï Bedewler üçin esbaplar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bedewler üçin esbaplar

view-icon 7897
Bedewler üçin esbaplar

Aýakgap önümçiliginde meşhurlyga eýe bolan «Röwşen» kärhanasy täze önümleri – at esbaplaryny öndürip başlady.

«Röwşen» kärhanasynyň öndürýän at esbaplary Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi köşgünde ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde giň köpçülige görkezildi. Kärhananyň milli öwüşginli, dürli görnüşli bu önümleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

«Röwşen» kärhanasynyň öndürýän islendik pasyl üçin işde, okuwda, sportda we gündelik durmuşda geýmek üçin niýetlenen aýakgaplary alyjylar tarapyndan uly islegden peýdalanýar.

«Röwşen» kärhanasynyň öndürýän önümleriniň ýerli çig maldan öndürilýändigini bellemek gerek. Dünýä belli ösen tehnologiýa bilen enjamlaşdyrilan bu kärhanada öndürilýän aýakgaplar diňe bir ýokary hili bilen tapawutlanman, ýesem owadan, göze ýakymly görnüşi bilen hem alyjylaryň talapkär göwnüni awlaýar.