Ï Aýna senagatynyň täze mümkinçilikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aýna senagatynyň täze mümkinçilikleri

view-icon 5608
Aýna senagatynyň täze mümkinçilikleri

Geçen anna güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda kuwwaty gije-gündizde 100 tonna aýna öndürmäge niýetlenen goşmaça sehiň taslamasy hakynda aýdyldy.

Bu taslamany amal etmek üçin geçirilrn tenderiň netijeleri boýunça, ony gurmak hukugy «Rysgally zähmet» hususy kärhanasyna berildi.

Bu kabul edilen çözgüt ýurdumyzda diňe bir aýna öndürilişini ösdürmek, ýa-da döwlet bilen hususyýetçiligiň ýurdumyzyň milli yksysadyýetini ösdürmekdäki hyzmatdaşlygyny ösdürmek nukdaý nazaryndan däl-de, eýsem ýurdumyzyň eksport mümkinçilikerini giňeltmekden ybaratdyr.

Şu gün aýna senagatynda täze tehnologiýalaryň ulanylmagy aýnany diňe bir gurluşykda zerur bolmagy bilen çäklenmeýär. Plastikany çalyşmak we waksina önümçiliginiň ösmegi bilen baglanyşykly dünýäde aýna bolan isleg has-da ösýär.

Türkmenistanyň aýna senagatynyň kerwenbaşysy we Merkezi Aziýada uly, ösen tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan 2018-nji ýylyň fewral aýynda işe girizilen «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy diňe gurluşyk maksatly aýnalary öndürmän, eýsem senagatda, lukmançylykda we hojalykda ulanmaga niýetlenen dürli görnüşli aýna önümlerini öndürýär.

Häzirkizaman önümçilik toplumy Finlýandanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň we «HORN Glass Industries AG» (Germaniýa) ýokary tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen.

Kärhana döwlet edaralaryndan, telekeçilerden buýurmalary kabul edýär. Eksport edilýän önümler dünýä ülňülerine gabat gelýär. Bu önümler Özbegistana, Owganystana we Türkiýä ugradyldy.

Geçen ýylda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda täze sehiň taslamasynyň amal edilmei kärhananyň önümçilk we eksport kuwwatyny has-da ösdürer.