Ï Türkmen kompaniýasy “Megafil” süzgüçleriniň täze görnüşlerini öndürmäge başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kompaniýasy “Megafil” süzgüçleriniň täze görnüşlerini öndürmäge başladylar

view-icon 7572
Türkmen kompaniýasy “Megafil” süzgüçleriniň täze görnüşlerini öndürmäge başladylar

“Mekanara Gatnawy” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherinde “Megafil” haryt nyşanly süzgüçleri öndürýär. 2020-nji ýylda önümçiligini ýola goýan bu kärhana Türkiýäniň, Hytaýyň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýeňil we ýük awtoulaglaryna, gurluşyk tehnikalaryna niýetlenilen ýag, howa süzgüçleriniň dürli görnüşleri öndürilýär.

Şu ýylyň başynda kärhanada ýük we ýeňil awtoulaglary üçin howa süzgüçleriniň täze görnüşleri önümçilige girizildi. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 2,5 million töweregi süzgüç öndürmäge barabardyr. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar. Öndürilýän önümleriň arasynda ýeňil awtoulaglaryň howany salkynladyjy enjamlarynyň (kondisioner) howa süzgüçleri hem bar. Işewür telekeçiler öz öndürýän önümlerini hil gözegçiliginden geçirmek bilen, olary içerki bazarlara ugradýarlar we geljekde olary eksport etmegi maksat edinýärler.