Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baş dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti Jorj Grişwiniň «Kuba uwertýurasy» bilen açyldy.
Aslynda Jorj Grişwin ilkinji bolup, öz eserinde simfoniki sazy jaz elementleri bilen birleşdirenligi üçin eserde duýgurly owazlar peýda bolýar. Sazandalar biri-birine çapraz gelýän ýaly görünýän žanrlaryň garyşygyny diňleýjilere bolşy ýaly ýetrimek üçin ukyplaryny gaýgyrmadylar. Şonuň üçinem olaryň çykyşyny diňleýjiler şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Darius Miýonyň «Skaramuş sýuitasy» Meksikada meşhurlyk gazanan we ähmiýeti bolýunça ikinji ýerde durýan milli saz eseridir. Bu eseri Ýusup Öwezow klarnetde özbşadak ýerine ýetirdi. Sýuitanyň başynda ummanda harasadyň döräp ugraýşy duýulýar, soňra gomlaryň güwwüldisi beýan edilýär. Ýöne gaýdan soň hemişe bolşy ýaly asudalyk gelýär. Soň ýene-de gämiler eskadrasy gaýduwsyz suw harasady bilen darkaş gurýar. Sýuitada şu wakalar beýan edilýär.
Nury Nuryýew nepis mahmal tenor sesde birnäçe aýdym aýtdy. Ol Awgustin Laryň «Granadasyny» ussatlarça ýerine ýetirdi. Diňleýjiler we dirižýor Resul Gylyjow onuň berekellasyny ýetirdiler.
Jaz žanryna ökdelän Maýsa Nyýazowa dartgynly sygan aýdymlarynyň birnäçesini aýdyp, tomaşaçylaryň göwnüni awlady.
Tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen orkestriň sazandalaryny uzak wagtlap sahnadan goýbermediler, onsoň Resul Gylyjow Alberto Hinasteriň «Baletden tasnlary» eserini diňleýjilere peşgeş etdi. Ýene tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmasy zala doldy.