Ï Türkmen kompaniýasy “BANT” haryt nyşanly gatlakly ýelimleriň görnüşlerini köpeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kompaniýasy “BANT” haryt nyşanly gatlakly ýelimleriň görnüşlerini köpeldýär

view-icon 7283
Türkmen kompaniýasy “BANT” haryt nyşanly gatlakly ýelimleriň görnüşlerini köpeldýär

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän “Berk önüm” hususy kärhanasy şu ýylyň başynda polipropilenden öndürilen gatlakly ýelimleriň täze görnüşlerini öndürip başlady. Täze önüm öňkülerinden ölçegleri boýunça tapawutlanýar. Içerki bazarlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň biri bolan gatlakly ýelimleri öndürmek üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar.

Hytaýyň enjamlarynyň ornaşdyrylmagy kärhanada aýda 41 müň 600 sany polipropilenden öndürilen gatlakly ýelimleri öndürmäge mümkinçilik berýär. 2015-nji ýylda önümçiligini ýola goýan kärhanada häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär. “BANT” haryt nyşany bilen öndürilýän gatlakly ýelimleriň ini 12 millimetrden 1 metre çenli, uzynlygy 10 metrden 1000 metre çenlidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Berk önüm” hususy kärhanasynyň önümleri goňşy döwletleriň birnäçesine eksport edilýär. Kärhana geljekde polipropilenden süýüm öndürmegi göz öňünde tutýar.