Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Türkmen milli medeni merkeziniň bilelikde guralan «Magtymgulynyň döredijiliginde türkmen we özbek halklarynyň dostluk nyşany» atly dabaraly maslahat Daşkent şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrundaky şahyryň ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen başlandy.
Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Özbegistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzalary, Daşkent şäher, Daşkent welaýat, Garagalpagystan we Kaşkaderýa welaýat Türkmen milli medeni merkeziniň ýolbaşçylary we agzalary, Özbegistanda bilim alýan türkmenistanly talyplar, türkmen diasporasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň açylyş dabarasynda Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň ýolbaşçysy R.Kurbanow we Özbegistan Respublikasy boýunça Türkmen milli medeni merkeziniň ýolbaşçysy G.Awezdurdyýewa çykyş edip, Özbegistanda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreleri geçirmekligiň ajaýyp däbe öwrülendigini hem-de şahyryň döredijiliginiň taryhy we medeni umumylyga eýe bolan türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine möhüm ähmiýete eýedigini belläp geçdiler.
Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýa.Mämmedow Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň ösüşine goşan goşandy, 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu baýramçylyga görülýän taýýarlyk bilen bagly alnyp barylýan işler hakynda köpçülige habar berdi.
Maslahatyň dowamynda şahyrlar, edebiýatşynaslar çykyş edip, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň eserleriniň özbek diline terjime edilip, ösüp gelýän ýaş nesle ýetirilýändigini bellediler.
Çäre Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çeper okaýyşlary we uly konsert bilen tamamlandy. Çärä gatnaşanlar türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan halylar we haly önümleri, milli şaý-sepleri, saz gurallary, sungatyň amaly-haşam işleri bilen bu ýerde gurnalan sergide tanyş boldular.