Ï Türkmen kompaniýasy öndürýän boýaglaryny eksport etmegi meýilleşdirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kompaniýasy öndürýän boýaglaryny eksport etmegi meýilleşdirýär

view-icon 5823
Türkmen kompaniýasy öndürýän boýaglaryny eksport etmegi meýilleşdirýär

“Dürs” hususy kärhanasy gurluşykda binalaryň bezeginde ulanylýan suwly-disperision boýaglaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini alyp barýar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhanada Italiýanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryldy. Kärhana doly güýjünde işledilende, her gün 10 tonna çenli boýag öndürmäge ukyply. 2009-njy ýylda önümçiligini ýola goýan kompaniýa häzirki wagtda potolok, içki we daşky diwar boýaglary, boýagdan öňki gruntlama, kafel üçin ýelim öndürilýär.

Dürli reňkdäki boýaglar 18, 20 kilogramlyk, kafel ýelimi 25 kilogramlyk, boýagdan öňki gruntlama 20 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Önümler “Dürs” haryt nyşany bilen ýurduň gurluşyk harytlary dükanlarynda müşderilere ýetirilýär. Kärhanada sarp edijileriň isleglerine görä buýurmalar esasynda hem önüm öndürilýär. Önümçilikde ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar. Hususy kärhana geljekde önümçilik kuwwatyny artdyrmagy, önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär.