Ï Ildeşimiziň eserleri Nýu-Ýorkda ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ildeşimiziň eserleri Nýu-Ýorkda ýaňlandy

view-icon 4889
Ildeşimiziň eserleri Nýu-Ýorkda ýaňlandy

26-njy aprelde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde nusgawy sazlar çalynýan iň abraýly sahnalaryň biri – Karnegi-hollda «Gündogar bilen Günbataryň duşuşygy» atly konsert üstünlikli geçdi. Amerikaly nusgawy sazyň muşdaklary pianinoçy Maýa Tüýliýewa bilen skripkaçy Diana Saýtsyň çykyşyny höwes bilen diňlediler.

Konsertde Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň, Ioganes Bramsyň, Konstantin Mostrasyň, Zoltan Kodaýyň, azerbaýjan kompozitory Fikret Amirowyň we türkmen kompozitory Suhan Tüýliýewiň eserleri ýerine ýetirildi.

Türkmen pianinoçysy Maýa Tüýliýewa Hazar deňziniň gündogar kenarynda doguldy we kemala geldi. Skripkaçy Diana – Azerbaýjandan, ýagny onuň asly deňziň günbatar kenaryndan. Şonuň üçin hem konserte «Gündogar bilen Günbataryň duşuşygy» diýip at berdiler. Olaryň duetine Hazar deňziniň hatyrasyna «Dio Kaspiana» diýilýär.

Ildeşimiz Suhan Tüýliýewiň iki eseri – 3 bölümli Fortepiano üçin ikinji sonatasy we gargy tüýdük hem-de kirişli saz gurallary orkestri üçin «Pendi nagmalary» sazyny skripkada we fortepianoda çalmak üçin işlenilen görnüşini ýerine ýetirildi.

«Dio Kaspiana» dueti Amerikadan başga-da Italiýada, Ýaponiýada we Russiýada konsert berdi we özi barada ýakymly täsir galdyrdy. Diana Saýtsyň gyzy – wiolençelçi Ester hem olaryň çykyşyna gatnaşyp ugrady, diýmek, geljekde duetiň trio öwrülmegi-de mümkin.